Toyota bilen Joby Aviation hyzmatdaşlykda howa taksilerini öndürýän kärhana döreder

Şu gün, 06:37732

Ýapon korporasiýasy Toyota Motor Corp. we amerikan kompaniýasy Joby Aviation ýolagçy gatnawy üçin niýetlenen, dikligine uçup-gonýan elektrik uçuş enjamlarynyň (eVTOL) tapgyrlaýyn önümçiligini taýýarlamak maksady bilen bilelikdäki kärhanany döretdi.

Bu kärhana Joby Toyota Aero Manufacturing Preparation Co. diýlip atlandyryldy we ol Kaliforniýada hasaba alnar. Täze kompaniýanyň paýnamalarynyň 51%-i Toyota kompaniýasyna, 49%-i bolsa Joby Aviation kärhanasyna degişli bolar.

Ilkinji tapgyrda hyzmatdaşlar howa taksileriniň täjirçilik maksatly önümçiligi üçin önümçilik bazasyny döretmäge we Joby Aviation kompaniýasynyň önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmäge ünsi gönükdirer.

Toyota kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri Joby Aviation taslamasyna maýa goýýar. Ýapon kompaniýasy 2024-nji ýylda goşmaça 500 million dollar möçberinde maýa goýjakdygyny yglan edip, jemi goýan serişdeleriniň mukdaryny tas 900 million dollara ýetirdi.

Joby Aviation tarapyndan taýýarlanýan elektrik uçuş enjamy eVTOL bir uçarmana we dört ýolagça niýetlenendir. Ol tizligini sagatda 320 kilometre çenli artdyrmaga we bir gezekki zarýad bilen, takmynan, 240 kilometr aralygy geçmäge ukyplydyr.

Kompaniýa Amerikanyň Federal raýat awiasiýasy müdirliginde (FAA) şahadatnama işlerini dowam etdirýär we ähli zerur rugsatnamalary alandan soň, täjirçilik esasly ýolagçy gatnawlaryna başlamagy meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.