FIFA-nyň Tertip-düzgün komiteti ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Folarin Baloguna dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýnunda alan gyzyl karty üçin 40 müň dollar möçberinde jerime salmak kararyna geldi.
FIFA-nyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, federasiýanyň Tertip-düzgün kodeksine laýyklykda, bu mukdaryň 20 müň dollary oýunçynyň goly baýram etme wagtynda özüni talabalaýyk däl alyp barandygy üçin, galan bölegi bolsa gyzyl kart sebäpli oýundan çetleşdirilendigi üçin salyndy.
Bellenilişi ýaly, jerime mukdarynyň ýarysyny ABŞ-nyň Futbol federasiýasy tölär.
Balogun bosniýalylar bilen geçirilen we amerikalylaryň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan oýnuň 64-nji minutynda göni gyzyl kart alypdy. Ol goragçy Tarik Muharemowiçe garşy gödek oýnap, meýdançadan çykaryldy. Muňa garamazdan, duşuşyk tamamlanandan soň, ol topardaşlary bilen ýeňşi baýram etmek üçin meýdança çykdy.
Düzgün boýunça, Balogun 1/8 finalda Belgiýanyň ýygyndysyna garşy indiki oýna gatnaşmaly däldi. Ýöne FIFA-nyň Tertip-düzgün komiteti düzgünleriň degişli maddasyna salgylanyp, onuň oýundan çetleşdirilmegini bir ýyllyk synag möhleti bilen wagtlaýyn togtatdy we oýnamagyna rugsat berdi.
«The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Balogun baradaky mesele boýunça FIFA-nyň ýolbaşçylaryna üç gezek jaň edip, Janni Infantinodan bu ýagdaýa täzeden seretmegi sorady. Öz gezeginde, Infantino FIFA-nyň degişli edaralarynyň doly garaşsyzdygyny mälim etdi.
Bu adaty bolmadyk çözgüt uly dawa sebäp boldy. Belgiýanyň Patyşalyk futbol assosiasiýasy ony «akyla sygmajak» diýip atlandyrdy, ýygyndynyň baş tälimçisi Rudi Garsiýa bolsa muny «aprel degişmesi» bilen deňeşdirdi. Netijede, belgiýalylaryň beren şikaýat arzasy FIFA tarapyndan ýol berilmesiz hasaplanyp, kabul edilmedi.
Şeýle-de bolsa, Balogunyň meýdança goýberilmegi ABŞ-ny Belgiýa bilen oýunda halas etmedi. 1/8 final oýny belgiýalylaryň amerikan ýygyndysyny 4:1 hasabynda utup, taryhda dördünji gezek we 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek çärýek finala çykmagy bilen tamamlandy.