Mercedes-Benz kompaniýasy täzelenen Mercedes-Maybach S-Class ulagyny tanyşdyrdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde bellenilişi ýaly, modeliň taryhynda iň uly täzelenmäni başdan geçiren sedan täze MB.OS sanly arhitekturasyna, dördünji nesil MBUX ulgamyna we üýtgedilen yşyk grafikasy bilen kämilleşdirilen dizaýna eýe boldy.

Daşyndan seredeniňde Maybach S-Class gyralary yşyklandyrylan, 20% ulaldylan radiator gözenegi bilen tapawutlanýar. Käbir bazarlarda ulagyň yzky sütunindäki Maybach nyşany we kapotdaky Mercedes-Benz ýyldyzy hem yşyklandyrylýar. Şeýle-de, bu model üçin täze süýme diskler, giňeldilen MANUFAKTUR görnüşleri we dürli reňkleriň, bezegleriň hem-de şahsy çözgütleriň uly toplumyny özünde jemleýän Made to Measure maksatnamasy taýýarlanyldy.

Ulagyň salonynda esasy üns ümsümlige, ýokary hilli materiallara we sanly rahatlyga gönükdirildi. Täze MBUX Superscreen ulgamy merkezi we ýolagçy ekranlaryny birleşdirýär, yzky ýolagçylar üçin bolsa diagonaly 33,3 sm bolan iki sany ekran göz öňünde tutuldy. Mercedes-Maybach S-Class modeli üçin ilkinji gezek hakyky deri ulanylmazdan taýýarlanan salon hödürlenildi: Stormy Grey görnüşinde ARTICO materialy we zygyrdan hem-de gaýtadan işlenilen poliesterden taýýarlanan Mirville matasy utgaşdyrylýar.

Motor toplumy hem doly täzelendi. Ýewropada we başga-da birnäçe bazarlarda Mercedes-Maybach S 680 «mild hybrid» ulgamyndan 17 kWt goşmaça güýç alýan, kuwwaty 450 kWt bolan sekiz silindrli M 177 Evo hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Käbir aýratyn bazarlar üçin bolsa V12 saklanyp galar. S 580 modeli 395 kWt we goşmaça 17 kWt güýç berýär, tokdan zarýad alýan S 580e gibrid modeli bolsa diňe elektrik energiýasynda 100 km töweregi ýol geçmegi wada berýär.