Täze ýaryş toplumly BMW M2 ekstremal M2 CS modelinden hem tiz bolup çykdy

Şu gün, 16:47853
1 / 3

Nemes awtoulag öndürijisi BMW "M2" kupesi üçin ulagy ýaryş ýollaryna uýgunlaşdyrýan ýörite "M Performance Track Kit" týuning-toplumyny taýýarlady. Işläp düzmeleriň netijeliligini subut etmek üçin sportkary rowaýata öwrülen Nýurburgring (Nürburgring) ýaryş ýoluna iberdiler. Netijede, goşmaça enjamlaşdyrylan "M2" aýlawy zawod tarapyndan öndürilen we has güýçli hasaplanýan "M2 CS" modifikasiýasyndan ýarym sekunt tiz geçdi.

Geçen tomus "hardkor" BMW M2 CS ykjam awtoulaglar klasynda 7 minut 25,5 sekunt görkeziji bilen ýaryş ýolunyň rekordyny goýupdy. Ýaryş toplumy (trek-paket) bilen täzelenen wersiýa bu gazanan netijäni gowulandyryp, aralygy 7 minut 25,068 sekuntda geçdi. Bellemeli möhüm zat: CS wersiýasy 530 at güýçli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan bolsa, týuning-paketli standart kupe 480 at güýçli bazaly "altylyk" hereketlendiriji bilen üpjün edilendir.

Düzetmeler toplumyna nämeler girýär?
Resmi döwrebaplaşdyrmak toplumynyň bahasy 23,5 müň ýewro diýlip bahalandyrylýar we ol öz içine aşakdakylary alýar:

  • Ösen aerodinamiki kuzow düşegi (obwes): öňki splitteri, ýörite gapdallary we ýörite ýaryş sazlamalary bolan kadalanýan antikanaty (spoýleri).
  • Amortizatorlary kadalamak mümkinçiligi bolan gaýtadan işlenen asma ulgamy.

Öndüriji "M Performance Track Kit" toplumynyň gurnalmagynyň dolulygyna kanuny bolup, awtoulagyň adaty ýollarda sürmek üçin ähli rugsatnamalaryny saklap galýandygyny nygtaýar.

Ýatlap geçsek, tomsuň başynda BMW M2 maşgalasy ilkinji gezek doly hereketlendiriji ulgamy bolan modifikasiýa bilen üstünlikli dolduryldy. Şeýle sportkar täzelenen otlanma ulgamy bolan kämilleşdirilen alty silindrli motor bilen enjamlaşdyrylýar.

Güýç desgasynyň kuwwaty öňküligine galsa-da, aýlanma pursady 550 Nm-den 600 Nm-e çenli ýokarlandy. Munuň netijesinde, doly hereketlendiriji kupe 100 km/sag tizlige yzky hereketlendirijili wersiýadan 0,3 sekunt çalt ýetýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.