Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany myhman bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Prezidentine Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň ähmiýetini belledi.
Serdar Berdimuhamedow hem öz gezeginde Azerbaýjanyň liderine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, wekiliýetiň bu saparynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi, sebäbi bu sapar özara gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri açdy.
Söhbetdeşler söwda, logistika, ylym, tehnika we beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň wajyp orun eýeleýändigini nygtady.
Şeýle-de, duşuşykda energetika, halkara üstaşyr ulag geçelgeleri, logistika ulgamlaryny kämilleşdirmek, bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmek, şonuň bilen birlikde ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.