Toyota rowaýaty Land Cruiser 70-i satuwa gaýtaryp getirdi

Düýn, 23:531,344
1 / 5

Toyota Awstraliýanyň bazarynda rowaýata öwrülen "Land Cruiser 70" seriýaly wnedorožnikleriniň satuwyna gaýtadan başlady. Ulag üpjünçiligindäki arakesme sekiz aýa çekdi — bu wagtyň içinde awtoulag ýerli ADR 80/04 ekologiýa standartlaryna laýyklaşdyrylyp döwrebaplaşdyryldy, olar ulaglaryň täjirçilik klasy üçin "Ýewro-6" kadalaryna deňdir.

Esasy tehniki täzelik — "AdBlue" reagentiniň goýberilmegi bilen işleýän selektiw katalitik bitaraplaşdyryş ulgamynyň (SCR) ornaşdyrylmagydyr. Bu tehnologiýa zyýanly azot oksidleriniň galyndylaryny tüsseden netijeli arassalamaga mümkinçilik berýär. Reagent üçin göwrümi 20 litr bolan çelek bölüp berdiler, onuň gory takmynan 8000 kilometr ýol üçin ýetýär. Sürüjä ýangyç guýmak zerurlygy barada gurallar panelindäki ýörite indikator duýdurar.

Ekologik komponentleriň ornaşdyrylmagy güýç gurluşynyň häsiýetnamalaryna täsir etmedi. "Hilux" we "Land Cruiser Prado" modellerinden tanyş bolan 2,8 litrlik dört silindrli turbo-dizel "1GD-FTV" hereketlendirijisi öňküsi ýaly 204 at güýjüni we 500 Nm öwrüji pursady berýär. Şeýle-de bolsa, uzelleriň täze ýerleşişi sebäpli "78 Series Troopcarrier" üç gapyly furgonyň ýangyç çeleginiň göwrümi ejir çekdi: onuň sygymy 180 litrden 130 litre çenli azaldy we maşgalanyň beýleki wersiýalary bilen deňleşdi.

"Land Cruiser 70" üçin bazaly transmissiýa hökmünde 6 basgançakly "Aisin" awtomaty göz öňünde tutulan, ýöne "Troopcarrier" we goşa kabinli pikap modifikasiýalary üçin mehaniki geçirijiler gutyny saýlamak mümkinçiligi saklanyp galdy. Hereketlendiriji ulgamy ähli wersiýalarda birikdirilýän doly hereketli.

Awstraliýada "LC70-iň" bäş gapyly wersiýasynyň bahasy 80 843 ýerli dollardan başlanýar. Bu nyrha kuzowyň bazaly reňkleri (ak, çäge we goýy gök) girýär. Beýleki reňkler (gara, gyzyl, kümüş we goýy çal) üçin alyjylar goşmaça 695 dollar tölemeli bolarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.