Azerbaýjandaky ilçihananyň binasynyň we saglyk edaralarynyň gurluşygy boýunça bäsleşikler yglan edildi

Şu gün, 12:432,296

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýurduň içinde we daşary ýurtda desgalary taslamak hem-de gurmak boýunça birnäçe bäsleşikleri yglan etdi. Degişli bildirişler «Türkmenistan» gazetiniň 10-njy iýuldaky sanynda çap edildi.

Birinji halkara bäsleşik Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň edara binasynyň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda edara giň göwrümli lukmançylyk taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin potratçylary gözleýär. Bu bäsleşikleriň çäginde aşakdaky desgalaryň gurluşygy meýilleşdirildi:

  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde 30 orunlyk döwrebap hassahana.
  • Bäş sany aýratyn lotuň çäginde 50 sany saglyk öýi (Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hersinde 10 saglyk öýi).

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň tekliplerini kabul etmek we resmileşdirmek işleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi tarapyndan amala aşyrylýar. Ähli zerur resminamalar we haýyşnama-teklipler şu ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 84-nji jaý.
  • Habarlaşmak üçin: 44-46-77, 44-46-64.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.