Muhammet ady üç ýyl bäri Angliýada we Welsde iň köp dakylýan ada öwrüldi

Düýn, 15:293,329

Muhammet ady indi yzygiderli üçünji ýyl bäri Angliýada we Welsde täze doglan oglan çagalaryň arasynda meşhurlygy boýunça birinji orny eýeleýär. ​

Milli statistika býurosynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Angliýada we Welsde 5957 oglanjyga Muhammet ady dakyldy. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň maglumatlary bilen deňeşdirilende 236 çaga köpdür.

Bu meşhur atdan başga-da, iň köp dakylyp, meşhurlyk gazanan ilkinji bäş erkek adynyň hataryna Noa, Leo, Luka we Artur dagylar girdi.

​Statistika edarasynyň hünärmenleri hut «Muhammet» (Muhammad) ýazuw görnüşiniň has uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny aýratyn belleýärler. Şol bir wagtda, iň köp isleg bildirilýän atlaryň ilkinji ýüzlügine bu adyň beýleki ýazylyş şekilleri hem girdi: meselem, «Mohamed» ady reýtingiň 20-nji ornunda, «Mohammad» görnüşi bolsa 55-nji setirde ýerleşdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.