Welsde höwesjeň hazyna gözlegçisi Margam kenaryndan XVI asyrda gark bolan gämiden galan hazynany tapdy. Ol tapylan taryhy gymmatlyklary muzeýe tabşyrdy diýip, «Daily Star» neşiri ýazýar.
69 ýaşly Piter Hýuz metal gözleýji enjamyň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap şu kenarda hazyna gözläpdir. Ol nobatdaky gözlegleriň birinde 1583-nji ýylyň 28-nji dekabrynda suwa giden gämiden galan ýüzlerçe altyn teňňeleriň we artefaktlaryň üstünden bardy.
Hýuz ilkinji teňňäni galdyryp, onuň ýüzünde gämi hem-de Portugaliýanyň tugrasy bilen keramatly şahsyýetiň suratyny görende, haýran galandygyny gürrüň berdi. Ol bu kenara müň gezekden hem köp gelendigini, ýöne ozal hiç wagt munuň ýaly zada duşmandygyny aýtdy. Hazynanyň tapylmagyna çägeleri syryp giden güýçli harasatlar sebäp boldy.
Piter Hýuz hazynanyň içinden Ispaniýanyň hökümdarlary Ferdinand we Izabellanyň döwrüne degişli birnäçe taryhy altyn teňňeleri, bosman jürlewügini hem-de sandygyň kodly gulpuny tapdy. Çaklamalara görä, gämidäki ähli pullaryň diňe 25%-i tapyldy.
Hazyna gözlegçisi ilkibaşda bu tapyndylary näme etmelidigini bilmändigini, ýöne soňra olary muzeýe bermeli diýen netijä gelendigini aýtdy. Hazyna tapylan ýer goralýan zolak diýlip yglan edildi we ol ýerde gözleg işlerini geçirmek gadagan edildi.