Ýewrokomissiýa 11 mlrd ýewro jerime bilen Instagramyň hem Facebook-yň dizaýnyny üýtgetmegi talap edýär

Düýn, 13:262,953

Ýewropa Komissiýasy deslapky derňewiň netijeleri boýunça Meta korporasiýasynyň Sanly hyzmatlar baradaky kanuny bozandygyny anyklady. Kadalaşdyryjy edaranyň pikiriçe, kompaniýanyň eýeçiligindäki Facebook we Instagram sosial ulgamlarynyň interfeýsi ulanyjylarda bilkastlaýyn imrinme döreder ýaly dizaýn edilen diýip, BBC News habar berýär.

Ýewrokomissiýanyň esasy nägileligi sosial ulgamlardaky çäksiz lentanyň işjeňlik mehanizmi, şahsy maslahat beriş algoritmleri we wideoýazgylaryň awtomat usulda açylmagy bilen baglanyşyklydyr. Komissiýanyň hünärmenleri yzygiderli gelýän maglumat akymynyň ynsan beýnisini «awtopilot» tertibine geçirip, zyýanly endikleri kemala getirýändigi, munuň bolsa aýratyn-da çagalar we ýaş ösdürimler üçin has-da howpludygyny mälim etdiler.

Şonuň ýaly-da, Meta-nyň ýolbaşçylarynyň şeýle töwekgelçilikleri öňünden aňşyrmandygyny we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň platformalarda geçirýän wagtynyň möçberini göz öňünde tutmandygyny aýratyn bellediler.

Şunlukda Ýewrokomissiýa Meta kompanyýasyndan sosial ulgamlaryň dizaýnyny gyssagly suratda üýtgetmegi talap etdi. Eger-de häzirki netijeler resmi taýdan tassyklanylsa, kompaniýa özüniň bütindünýä ýyllyk dolanyşygynyň 6%-ine çenli möçberde pul jerimesine sezewar edilip bilner. Euronews-yň Meta-nyň 2025-nji ýyldaky maliýe görkezijilerine esaslanyp berýän çaklamasyndan çen tutsaň, jerimäniň mukdary takmynan 11 milliard ýewro ýetip biler.

Meta-nyň wekili BBC News-e beren düşündirişinde:

– Biz Ýewropa Komissiýasynyň ýaş ösdürimler üçin internetde gysga we howpsuz gurşawy üpjün etmek islegini doly goldaýarys we olar bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdireris – diýdi.

Şonuň bilen bir wagtda, Ýewrokomissiýadaky çeşmesine salgylanýan Euractiv neşiri ÝK-nyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýaýeniň sentýabr aýynda çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny tutuş Ýewropa boýunça gadagan etmegi meýilleşdirýändigini habar berýär. Anyk ýaş çäginiň we düzgüne gözegçilik etmegiň ýollarynyň entek bellenilmäni üçin häzirlikçe bu başlangyjyň hukuk esasy ýokdur.

Şeýle çäreleriň dünýäniň birnäçe ýurdunda eýýäm durmuşa geçirilip başlandygyny bellemek gerek. Mysal üçin, Awstraliýa 2024-nji ýylda kanunçylyk esasynda 16 ýaşdan kiçi bolanlara sosial ulgamlary gadagan etdi, Beýik Britaniýa hem häzirki wagtda şoňa meňzeş kadalaşdyryjy namalary taýýarlaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.