Täze geçirilen ylmy barlaglar telewizor, planşet we smartfon ýaly sanly enjamlary ulanmak endiginiň iki ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasynda örän giňden ýaýrandygyny ýüze çykardy. Hünärmenler çagalaryň heniz beýle kiçi ýaşda wagty ekran bilen galtaşykda bolmagynyň olaryň saglygyna, ösüşine we geljekdäki durmuş şertlerine uzak wagtlyk we oňaýsyz täsir edýändigini subut edýärler.
Ekranyň öňünde geçirilýän wagt çaganyň dil baýlygynyň ösmegini bökdeýär, nerw ulgamynyň aşa bozulmagyna eltýär, şeýle hem beýleki çagalar bilen oýnamak we maşgala agzalary bilen ysnyşykly gatnaşyk gurmak mümkinçiliklerini çäklendirýär. Eýýäm iki ýaşyna çenli çagalarda gajetleri gündelik ulanmak endigi tas hemme çagada diýen ýaly duş gelýär we ol saglyk üçin rugsat berilýän çäklerden çakdanaşa geçýär.
Seljerijileriň pikiri we meseläniň özeni
Lids uniwersitetiniň uly mugallymy Reýf Kleýtonyň bellemegine görä, çagalaryň irki ýaşdan ekrana bagly bolmagy dünýä derejesindäki uly meselä öwrüldi we ol 2026-njy ýylda hem ýeterlik derejede çözülmän galýar. Çaganyň durmuşynyň ilkinji iki ýyly onuň beden we ruhy saglygynyň düýbini tutmakda iň möhüm döwürdir. Şol sebäpli hem bu mesele, Kleýtonyň sözleri bilen aýtsak, «tutuş bir nesle we olaryň geljekki durmuşynyň hiline gönüden-göni täsir edýär».
Barlagçylar bäbekleriň tehnologiýalar bilen ir tanyşmagynyň esasy sebäbini ene-atalaryň gündelik iş tertibiniň ýetikdigi we şol zerarly ýadawdyklary bilen baglanyşdyrýarlar. Ene-atalar çagany güýmemek we diňdirmek üçin gajetleri özboluşly bir «elektron eneke» hökmünde ulanmaga mejbur bolýarlar.
Bu ylmy gözlegi sargyt eden «1001 Critical Days Foundation» gaznasyny esaslandyryjy Andrea Lidsom: «Häzirki wagtda maşgalalarda öňlerindäki keserip duran bu meseläni çözmek üçin ýeterlik maglumat we goldaw ýokdur. Şonuň üçin bu ýerdäki ähli jogapkärçiligi diňe ene-atalaryň boýnuna-da atyp bolmaz» diýmek bilen, tehnologiýa kompaniýalarynyň bu babatda öz täsirlerini we günäsini boýun almalydygyny belledi. Şonuň ýaly-da, ylmy subutnamalaryň olara gapma-garşy netije görkezýändigini göz öňünde tutup, bazarlarda bäbekler üçin «peýdaly we amatly» diýlip mahabat edilýän sanly önümleri ene-atalara hödürlemegi bes etmelidigini nygtady.
Alymlaryň maslahatlary we çäreler
Alnan maglumatlara esaslanyp, Beýik Britaniýanyň dört sany öňdebaryjy uniwersitetiniň (Lids, Lids Triniti, Aston we Lafboro uniwersitetleri) hünärmenleri iki ýaşyna ýetmedik çagalaryň ekran enjamlaryny yzygiderli we ýörite ulanmagyny doly gadagan etmegi maslahat berýärler. Alymlar ekran tehnologiýalarynyň «islendik ýaş üçin» amatlydygyny öňe sürýän ýa-da enjamlary bäbekler bilen bilelikde ulanmagy goldaýan köne wideogörkezmeleri gyssagly üýtgetmäge çagyrýarlar.
Lafboro uniwersitetiniň garaşlylyk (öwrenişme) boýunça seljerijisi Riçard Jeýms döwlet tarapyndan anyk we aýdyň görkezmeleriň ýoklugy sebäpli, ene-atalaryň «isleseler-islemeseler, öz çagalaryny has irki ýaşdan zyýanly endiklere öwrenişdirýändiklerini we olarda ekran enjamlaryna garşy näsag baglylygy emele getirýändiklerini» düşündirdi.
– Biz bu alnan täze ylmy maglumatlaryň ene-atalara, lukmanlara we degişli karar kabul edýän döwlet edaralaryna tehnologiýalary ulanmakda durnukly we sagdyn çemeleşmäni tapmaga kömek etjekdigine, şeýle hem kiçi ýaşly çagalar üçin täze resmi gollanmalary taýýarlamakda ygtybarly esas boljakdygyna umyt edýäris – diýip, Riçard Jeýms umyt bilen belleýär.