Çaganyň dünýä inmegi ata-enäniň bedeninde we ruhy dünýäsinde örän uly üýtgeşmeleriň başlanmagyna sebäp bolýar. BBC Science Focus neşiriniň bellemegine görä, bu üýtgeşmeler dürli-dürli bolup, adamyň garramagyny çaltlandyryp hem, haýalladyp hem bilýär. Bir tarapdan, çaga terbiýelemek adama güýçli ruhy agram berýän bolsa, beýleki tarapdan onuň ömrüni uzaltmaga kömek edýär.
Bedeniň we beýniniň özgermegi: Uly adamlarda bolup geçýän bu täzeden gurulma hadysasyny suratlandyrmak üçin hünärmenler «matresensiýa» (eneler üçin) we «patresensiýa» (atalar üçin) diýen atlar girizdiler. Bu döwür gormonlaryň üýtgemegi bilen utgaşýar: bedende gaharlylyk we güýç berýän testosteron gormony azalyp, mähirlilik gormony bolan oksitosiniň mukdary köpelýär. Şeýle üýtgeşme ata-enelere bäbegiň isleglerini aňsat duýmaga we onuň bilen mähirli baglanyşygy berkitmäge ýardam edýär.
Munuň bilen bir wagtda beýnisiniň göwrümi sähelçe kiçelýär we täzeden gurulýar. Bu hadysanyň ýaramaz tarapy hem bolup, ol käbir adamlaryň perzende ýüzi düşenden soň ruhy taýdan çökmegine we kynçylyklara garşy has ejiz bolmagyna getirip bilýär.
Ilkinji ýyllardaky kynçylyklar we uzak möhletleýin peýdalar: Çaganyň durmuşynyň ilkinji ýyllarynda ata-enäniň gündelik durmuşy garramagyň tebigy ýollaryna gönüden-göni zarba urýar. Dowamly ukysyzlyk, ýetde-gütdelik we aladalar sebäpli ata-enelerde telomerler – ýagny ömrüň uzynlygyna jogap berýän hromosomalaryň gorag uçlary gysgalyp biler. Olaryň kiçelmegi bolsa ýatkeşligiň ýitmegi (demensiýa), ýürek-damar keselleriniň döremegi we irki ölüm howpunyň ýokarlanmagyna eltip bilýär. Ruhuň gysylmagy zerarly döreýän erbet gormonlaryň (kortizolyň) köpelmegi we bedendäki çişme hadysalary bolsa ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar.
Emma uzak wagtlap geçirilen gözegçilikler munuň tersine täsir edýändigini görkezýär. Şwesiýadan alnan maglumatlara görä, 60 ýaşdan soň çagaly adamlaryň ömür dowamlylygy çagasyz deň-duşlarynyňka garanyňda has ýokary bolýar. Ortaça hasap bilen, atalar iki ýyl, eneler bolsa birnäçe aý has uzak ýaşaýarlar. Alymlar muny ulalyp, adam çykan çagalarynyň garry ata-enelerine berýän durmuş we mähir goldawy bilen düşündirýärler.
Şol bir wagtda, uzak ýaşamak görkezijilerine goşmaça şertler hem güýçli täsir edýär. Meselem, az gazançly ata-eneler has ýokary derejeli aladalar we kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şol sebäpli, baý we garyp maşgalalaryň arasyndaky ömür dowamlylygynyň tapawudy 10 ýyla çenli hem ýetip bilýär.