Taýwana «Bawi» atly güýçli taýfun weýrançylygy geldi. Focus Taiwan agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylygyň netijesinde 87 adam ejir çekdi. Aradan çykanlar ýa-da agyr şikes alan raýatlar barada heniz maglumat ýok.
Ýüze çykan şikesleriň agramly bölegi – döwükler, sarsgynlar we sypjyryklardyr. Ýerli ýaşaýjylar bu şikesleri taýfun wagty welosipedden ýykylanlarynda ýa-da şemal gelmezden öňinçä goranyş işlerini geçirýän pursatlary aldylar. Ejir çekenleriň esasy bölegi eýýäm hassahanalardan çykdy.
Häkimiýetler howply sebitlerden 14,2 müň adamy gyssagly göçürdiler, olaryň 5 müňden gowragy gündogar Hualýan uezdiniň ýaşaýjylarydyr.
Tebigy betbagtçylyk gurluşyk desgalaryna hem zyýan ýetirdi. 177,4 müňden gowrak öý hojalygy elektrik energiýasyz galdy. Degişli hünärmenler ýagdaýy bölekleýin düzetmegi başardylar, emma 27 müňe golaý öý häzirki wagtda hem toksuzlygyna galýar.
Iki günüň içinde awiakompaniýalar 1200 töweregi içerki, halkara we tranzit uçuşlaryny ýatyrdylar. Materik Hytaýa we golaýdaky adalara gatnaýan gämileriň hereketi doly bes edildi.
Taýfun özi bilen birlikde aşa güýçli ýagyşlary we tizligi sekuntda 50 metre ýetýän güýçli şemaly hem getirdi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bu gezekki «Bawi» 1987-nji ýyldan bäri adada iň weýrançylykly taýfun diýilmäge doly esas berýär.