Bangladeşde musson ýagyşlarynyň getiren uly göwrümli suw joşgunlary dowam edýär. Onuň netijesinde azyndan 51 adam ýogaldy, 39 adam şikes aldy, ýene iki adam bolsa dereksiz ýitenleriň sanawynda dur diýip, ýerli häkimiýetleriň berýän maglumatlarynda aýdylýar.
Tebigy betbagtçylyk ýurduň ýedi sebitine täsir etdi. Iň agyr ýagdaý derýalaryň suwunyň ýokarlanmagy we ýer süýşmeleri dowam edýän günorta-gündogar hem-de demirgazyk-gündogar sebitlerinde ýüze çykdy. Çittagong okrugynda 29 adam ýer süýşmeleri sebäpli pida boldy.
Suw joşgunlary bir milliondan gowrak ýaşaýja täsir etdi. 35 müňe golaý adam göçürilip, döwlet tarapyndan guralan wagtlaýyn ýaşaýyş merkezlerine ýerleşdirildi. Ejir çekenler üçin dört müňe golaý gorag düşelgesi açyldy.
Harby gullukçylar we serhet gullugynyň işgärleri aýak ýeterden uzakdaky ilatly nokatlara azyk önümlerini, agyz suwuny we iň zerur bolan ilkinji kömek serişdelerini elýeterli edýärler.
Güýçli ýagyşlar 1,2 milliondan gowrak adamyň ýaşaýan Koks-Bazar sebitindäki rohinja bosgunlarynyň düşelgelerine hem uly zyýan ýetirdi. Geçen hepde bu ýerdäki ýer süýşmeleri 15 adamyň ömür tanapyny kesdi.
Bangladeşiň Suw joşgunlaryny çaklama we duýdurma merkeziniň berýän maglumatyna görä, ýurduň günorta-gündogarynda ýagdaý kem-kemden gowulanýar. Emma musson ýagyşlary möwsüminiň dowam edýändigi sebäpli, demirgazyk we demirgazyk-gündogar sebitlerde täze suw joşgunlarynyň döreme howpy entek saklanyp galýar.