Oklahomada ömrüniň ahyryna çenli «demir öýkene» garaşly bolup ýaşan ABŞ-daky iň soňky hassa Marta Lillard aradan çykdy. Onuň 20 ýaşyna çenli ýaşajagyna ynananlar az hem bolsa, ol 78 ýaşyna çenli ýaşamagy başardy diýip, «The Associated Press» neşiri merhumyň uýasy Sindi Makweýe salgylanyp habar berýär.
Martanyň durmuşy 1953-nji ýylyň iýun aýynda, bary-ýogy bäş ýaşyndaka düýpgöter üýtgedi. Ir säher bilen oýanan gyzjagaz bokurdagynda güýçli agyry we boýnunda gowuşgynsyzlyk duýdy.
«Men oýanamda daşarda Gün şöhle saçyp durdy, men aýaga galmaga çalyşdym, ýöne boýnum gaty erbet agyrýardy. Ýassykdan başymy galdyryp bilmedim. Dört günden soň bolsa huşumdan gitdim. Dem alyp bilmedim. Ne ellerimi, ne-de aýaklarymy gymyldadyp bildim» – diýip, Lillard ýogalmagyndan birnäçe gün öň «KFOR 8» telekanalyna beren interwýusynda ýatlapdy.
Maşgalasy çagany gyssagly hassahana ýerleşdirdi. Lukmanlar oňa poliomielit diagnozyny goýdy. Dem alyş ulgamynyň şel bolmagy sebäpli Martany ýarym ýyllap hassahanada sakladylar we ony «demir öýkene» — üýtgeýän otrisatel basyş (ENPV) arkaly emeli dem berşi üpjün edýän ägirt enjama birikdirdiler.

Lillardyň özi 2021-nji ýylda «Radio Diaries» bilen gürrüňdeşlikde beýleki köp çagalardan tapawutlylykda, bu usula garşylyk görkezmändigini aýdypdy:
«Bu maňa ýaraýardy. Dem almak ýakymlydy».

Lukmançylyk çaklamalary örän gowşakdy: hünärmenler gyzjagazyň hatda 20 ýaşyna çenli hem ýaşap bilmejekdigini öňe sürüpdi. Ýöne uýasy Sindi Makweýiň aýtmagyna görä, Marta ýokary hyjuwa we durmuşdan mümkingadar lezzet almaga bolan ymtylyşa eýedi. Aýaklarynyň we çep eliniň (ony hem diňe bil derejesinde gymyldadyp bilýärdi) hereketini bölekleýin dikeldip bilendigine garamazdan, Marta köp ýyllap ýeke ýaşady, özbaşdak nahar bişirdi we döredijilik bilen meşgullanyp, aýdymdyr goşgy ýazdy. 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terrorçylykly wakalardan soň, ol internet çatynda müsürli bir adam bilen tanyşdy we olar 20 ýyldan gowrak wagtlap onlaýn aragatnaşyk saklady. Ahyrynda, ol adam Martanyň ýoldaşy boldy.

Enjamyň içindäki durmuş
«Demir öýken» amerikaly gyzyň bütin ömrüniň dowamynda ýaşaýşyny goldap geldi. Çagalyk we ýaşlyk ýyllarynda ol diňe ýatýan wagty bu kapsulanyň içinde bolýardy. Şonuň netijesinde Marta orta mekdebe gatnap bildi: ol synp otaglarynda gurnalan ýörite interkom ulgamy arkaly mugallymlar we synpdaşlary bilen aragatnaşyk saklady.
Lillardyň maşgalasy hatda syýahata hem gitdi — munuň üçin kakasy ýörite enjamlaşdyrylan treýleri ulanýardy we öňünden myhmanhanalara jaň edip, enjamyň uly göwrümli gurluşynyň otaglaryň gapysyndan geçip-geçmejekdigini anyklaýardy.

Ömrüniň soňky ýyllarynda Marta kapsulanyň içinde gije-gündiziň 23 sagadyny geçirmäge mejbur boldy. Bu wagtyň dowamynda ölüm howply ýagdaýlar hem ýüze çykdy. Meselem, Oklahomadaky güýçli buzly harasat wagtynda öýüň togy kesildi, ätiýaçlykdaky generator hatardan çykdy we ýyladyş ulgamy öçdi, netijede Marta sowap barýan, işlemeýän enjamyň içinde galdy.
«Bu edil diri jaýlanan ýaly bir zat, bilýäňizmi — bu gaty gorkunç. Dem almagym kynlaşdy. Meniň öz-özüme gaty ses bilen: "Men ölmerin" diýenim ýadyma düşýär» – diýip, ol öz ýatlamalaryny paýlaşypdy.
Marta Lillard 26-njy iýunda aradan çykdy. Kiçi uýasy onuň ýogalmagyny uzak dowam eden COVID-19 ýokanjynyň netijeleri bilen baglanyşdyrýar. Şol bir wagtyň özünde, resmi ölüm şahadatnamasynda esasy sebäpler hökmünde poliomielitden soňky sindrom we dowamly öýken ýetmezçiligi görkezilýär.
Netijeli sanjymlar işlenip taýýarlanmazdan öň, «demir öýken» wirus sebäpli şel bolan müňlerçe çaganyň ýeke-täk halasgäri bolup galypdy. ABŞ-da 1955-nji ýylda başlanan köpçülikleýin immunizasiýa çäreleri keseliň ýüze çykyşyny ýeke-täk ýagdaýlara çenli azaltdy.

1979-njy ýyldan bäri Ştatlarda poliomielit resmi taýdan ýok edilen kesel hasaplanýar, sebäbi şondan bäri infeksiýanyň tebigy ýol bilen ýaýramagy hasaba alynmady.