Ispaniýanyň Madrid şäherindäki Milli kitaphanada 1666-njy ýyla degişli golýazma tapyldy. Ol Galileýiň teleskoplarynyň taryhyndaky syrlaryň birine aýdyňlyk getirip biler diýip, Annals of Science žurnalyndaky makala salgylanýan Phys.org portaly habar berýär.
Bu tapyndy barada Irlandiýanyň Limerik uniwersitetiniň ylmy işgäri doktor Hose Mariýa Moreno Madrid habar berdi.
Gürrüňi edilýän golýazma ispan monahy Ignasio Munosyň "De Tellescopiis Stellarum" atly traktatydyr. 944 sahypalyk golýazmada barlagçylar dört linzaly teleskopyň jikme-jik beýanyna duş geldiler. Onda fabricatum a Galilaeo, ýagny "Galileý tarapyndan ýasalan" diýen bellik hem bar.
Eger teleskopyň, hakykatdan-da, Galileýiň guralydygy tassyklanylsa, onda olaryň taryhy häzirki çaklamalardan 13-15 ýyl öňe süýşer. Bu bolsa şeýle enjamlaryň ilkinji gezek, takmynan, 1630-njy ýylda synagdan geçirilip başlanandygyny aňladyp biler.

Bu tapyndynyň özüne ýetik gyzykly taryhy bar. Teleskopy Munýosa Täze Ispaniýanyň 25-nji wise-koroly we Manseranyň markizi Antonio Sebastýan de Toledo Molina-i-Salasar sowgat beripdir. Ol monahyň bilimini we ylmy ukyplaryny barlamagy ýüregine düwüpdir. Şonuň üçin hem oňa bu guraly ilik-düwme öwrenmegi tabşyrypdyr.
Şondan biraz öň Munýos Ispaniýanyň koroly Filipp IV-ä flotuň deňizçilik işini kämilleşdirmek boýunça taslamany hödürläpdir. Wise-korol bolsa muny monahyň öz syýahatlaryny maliýeleşdirmek maksady bilen öňe sürendiginden şübhelenipdir.
Emma Munýos onuň tabşyrygynyň hötdesinden gelipdir. Ol golýazmada teleskopyň gurluşyny jikme-jik beýan edipdir, degişli diagrammalary we çyzgylary hem ýerleşdiripdir. Şeýlelikde, monah astronomiýadan başynyň çykýandygyny wise-korola subut edipdir.
Galileýiň teleskoplarynyň taryhy henizem näbelliliklerden doly. XVII asyryň birinji ýarymyndan biziň günlerimize çenli sekiz teleskop gelip ýetipdir. Ýöne olaryň hiç biriniň awtoryny anyk aýdyp bolmaýar. Bu Galileý babatda-da şeýle bolup, hatda onuň özi hem gurallarynyň tehniki beýanyny galdyrmandyr.
Taryhy maglumatlara görä, Galileý Ispaniýanyň koroly Filipp IV-ä we onuň aýalyna üç teleskop sowgat beripdir. Moreno Madridiň çaklamagyna görä, Munýosyň beýanyny ýazan teleskopy hut şol enjamlaryň biri bolmagy mümkin. Eger bu çaklama tassyklansa, onda täze tapyndy Galileýiň ilkinji teleskoplarynyň taryhyna täzeden ser salmaga mümkinçilik berer.