Ýaponiýada ilkinji gezek «Super Marionyň» stilinde ylgaw ýaryşy guralar

Düýn, 14:46871

13-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde ýurtda ilkinji gezek Super Mario wideooýunlarynyň tematikasynda ylgaw ýaryşy geçiriler. Gatnaşyjylara aýdym-sazlar, «Nintendo» gahrymanlary bilen duşuşyklar, ýörite fotozonalar we ýadygärlik sowgatlary garaşýar.

Bu çäre Hokaýdo adasynda guralar. Guramaçy hökmünde Doshin EC Inc. kompaniýasy çykyş edýär. Uzynlygy 2,5 kilometr bolan aralyk Daiwa House Premist Dome stadionynyň içinde we daşynda ýerleşer. Ýoluň bütin dowamynda Super Mario oýunlarynyň sazlary ýaňlanar.

Gatnaşyjylar üçin Mario we franşizanyň beýleki gahrymanlary bilen fotozonalar, şeýle-de pellehanada garaşylmadyk sowgat taýýarlanylar. Hasaba alnan her bir ylgawçy ýörite sowgatlary — firma futbolkasyny, kepka, süpürgiç we çäklendirilen tapgyrdaky ýadygärlik medalyny alar. Şeýle hem meýdançada eksklýuziw harytlar satylar.

Gatnaşyjylaryň sany alty müň adam bilen çäklendirilýär. Hasaba durmagyň bahasy uly ýaşlylar we ýokary synp okuwçylary üçin 6600 ýena (takmynan, 41 dollar), üç ýaşdan başlap kiçi mekdep ýaşyna çenli çagalar üçin bolsa 5500 ýena (34 dollar) barabar.

Ylgaw ýaryşyna gatnaşmaýan myhmanlar hem çärä gelip biler. Olar üçin çagalaryň oýun meýdançalary we Nintendo Switch 2 oýun konsolynyň görkezilişi guralar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.