FIDE küşt boýunça dünýä kubogynyň geçiriliş formatyny üýtgetdi

Şu gün, 15:08490
1 / 2

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky dünýä kuboklarynyň formatynyň üýtgedilendigini yglan etdi. Ýaryşlary geçirmegiň täze ulgamy 2027-nji ýyldan başlap güýje girer.

Ýaryşlar iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyr «45 minut + 30 sekunt» wagt gözegçiligi bilen şweýsar ulgamy boýunça geçiriler. Erkekleriň arasynda gatnaşyjylar dört topara, zenanlaryň arasynda bolsa iki topara bölner. Bu tapgyr bäş gün dowam eder.

Onuň netijeleri boýunça pleý-off tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlener. Erkekleriň ýaryşynda her topardan iň gowy netije görkezen dört küştçi 1/8 finala, zenanlaryňkyda bolsa her topardan iň gowy netije görkezen sekiz küştçi indiki tapgyra çykar.

Şeýle-de, FIDE gatnaşyjylaryň sanyny artdyrar. Erkekleriň dünýä kubogynda gatnaşyjylaryň sany 206-dan 224-e, zenanlaryňkyda bolsa 103-den 128-e çenli köpeler.

Munuň bilen bir wagtyň özünde ýaryşyň baýrak gaznasy hem ýokarlanar. Erkekleriň ýaryşynyň baýrak gaznasy öňki 2 million dollaryň deregine 2,3 million dollar, zenanlaryňky bolsa öňki 676 müň dollaryň deregine 1 million dollar bolar.

Mundan ozal, 2005-nji ýyldan başlap, dünýä kubogy olimpiýa ulgamy boýunça geçirilýärdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.