Fransiýada turan güýçli harasat sebäpli 50 müňden gowrak hojalyk elektrik togundan mahrum boldy

Düýn, 17:093,439
1 / 2

Fransiýada 16-njy iýul agşamy turan güýçli ýyldyrymly apy-tupan we harasat azyndan iki adamynyň ömür tanapyny kesdi we 53 müňe golaý öýi elektrik togundan mahrum galdyrdy. Bu barada Euronews habarlar agentligi mälim edýär.

Pajygaly wakalaryň biri Ýokarky Wýenna departamentiniň Sen-Wikturýen kommunasynda bolup geçdi: ol ýerde güýçli şemala döz gelip bilmedik agajyň ýykylmagy netijesinde bir aýal maşgala wepat boldy. Izer departamentiniň Dolomýo kommunasynda bolsa, ýyldyrym çakmagy sebäpli ýangyn dörän ussahananyň içinden halas edijiler bir erkek adamynyň jesedini tapdylar.

Wagtly-wagtynda çäre görmek maksady bilen, howply howa şertleri zerarly ýurduň merkezi we gündogar böleklerindäki 35 sany departamentde howpsuzlygyň «mämişi» derejesi yglan edildi. Sinoptikler hem öz gezeginde öňünden güýçli gök gürläp, iri doly ýagjakdygy barada ilata duýduryş beripdiler.

Ýurduň elektrik ulgamlaryny dolandyrýan «Enedis» operatorynyň beren maglumatyna görä, şu gün irdene çenli takmynan 53 müňe golaý hojalyk elektrik togundan mahrum boldy. Häzirki wagtda ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklary harasatyň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmak we dikeldiş işlerini geçirmek boýunça güýçli depginde zähmet çekýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.