Ýaponiýa imperator maşgalasynyň geljegini üýtgetmek ugrunda möhüm ädim ätdi. NHK teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýurduň parlamenti Imperator maşgalasy baradaky kanuna gaýtadan seretmek, ýagny nika we çaga edinmek (ogullyk/gyzlyk almak) bilen baglanyşykly düzgünlere üýtgetmeler girizmek hakyndaky kanun taslamasyny kabul etdi.
Munup özi soňky 75 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda agzalýan kanunyň esasy bölegine girizilen ilkinji üýtgetmedir.
Häzirki wagtda imperator maşgalasyny Imperator Naruhitodan we başga-da 15 adam emele getirýär. Başdaky kanuna görä, zenanlar maşgala agzasy bolmadyk adama durmuşa çykanlarynda, imperator maşgalasynyň hataryndan çykmaga mejburdylar. Şol sebäpli geljekde ähli resmi wezipeleri we borçlary ýerine ýetirmek üçin maşgala agzalarynyň sanynyň ýetmezçilik etjekdigi barada howatyrlanmalar hem ýok däldi.
Ýene-de bir möhüm mesele – tagtyň yzygiderli eýelenilmegini durnukly üpjün etmekden ybarat boldy. Kanuna laýyklykda, tagt diňe imperator neslinden bolan ata tarapdan ogla miras galýar. Häzirki wagtda bolsa bu hukuga diňe üç sany adam eýedir.
Täze kanun nämeleri üýtgedýär?
Kabul edilen resminamada görkezilişi ýaly, zenanlar durmuşa çykanlaryndan soň hem imperator maşgalasynyň hatarynda galyp bilerler. Mundan başga-da, täze kanun imperator maşgalasynyň öňki şejerelerinden bolan ata tarapyndaky oglanlary ogullyga almaga rugsat berýär.
Kanun taslamasy parlamentiň ýokary palatasy tarapyndan kabul edildi. Ony dolandyryjy Liberal-demokratik partiýa, Ýaponiýanyň galkynyş partiýasy, şeýle hem käbir oppozision partiýalar, şol sanda Halk üçin demokratik partiýa, Komeý partiýasy we Sanseý partiýasy goldady.
Parlamentiň ýokary we aşaky palatalarynyň komitetlerinde goşmaça rezolýusiýa hem kabul edildi. Ol imperator maşgalasynyň agzalarynyň sanynyň üýtgemegine esaslanyp, tagtyň durnukly eýelenilmegini üpjün etmegiň ýollaryny yzygiderli öwrenmegi göz öňünde tutýar.