Öýleri ot alýar: Norwegiýada soňky 100 ýylyň iň güýçli ýangyny döredi

Düýn, 19:206,187
1 / 3

Norwegiýanyň Drammen munisipalitetiniň Krokstadelwa obasynda soňky 100 ýylyň dowamynda görülmedik uly ýangyn döredi. Ýerli Aftenposten neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, güýçli ot 100-den gowrak ýaşaýyş jaýyny bütinleý ýok etdi, iki adam bolsa tüsseden zäherlenip, hassahana ýerleşdirildi.

Ýangyn ilki Krokstadelwa obasynda başlanyp, derrew töwerekdäki tokaýlyga ýaýrady. Howply zäherden ýüzlerçe ýaşaýjy howpsuz ýere göçürildi, dereksiz ýitenler barada heniz maglumat ýok.

Güýçli şemal ýangyn söndürijileriň işini kynlaşdyrýar, goýy gara tüsse bolsa Oslonyň takmynan 50 kilometr günbataryndaky çägi gurşap aldy diýip, Reuters-iň habarlarynda aýdylýar.

Ýerli gulluklar ýangyna garşy göreşmek üçin Norwegiýanyň häkimiýetlerinden kömek soradylar. Munisipalitetiň ýangyn söndüriş bölümçesiniň ýolbaşçysy Inge Wergeland entek howply ýagdaýy gözegçilige alyp başarmaýandyklaryny mälim etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.