Güýçli ýagynlar Wýetnamyň demirgazygynda weýrançylykly suw joşgunlaryna sebäp boldy

19.07.2026, 20:367,783
1 / 2

Wýetnamyň demirgazygynda ýerleşýän Laýtýau welaýatynda harasatly ýagynlar garaşylmadyk suw joşgunlaryny we toprak süýşgünlerini emele getirdi. Tebigy apatyň netijesinde 4 adam wepat boldy, 7 adam şikes aldy, 4 adam hem dereksiz ýitenleriň sanawynda dur diýip, Wýetnam habarlar agentligi habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, tebigy apat 13 sany ýaşaýyş jaýyny bütinleý weýran etdi, ýene 100-e golaý bina bolsa toprak süýşgüniniň howpuna sezewar bolmak ähtimallygynda galýar.

Güýçli ýagynlar, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryna, oba hojalyk ýerlerine, ulag düzümine we energetika desgalaryna uly zeper ýetirdi. Deslapky hasaplamalarda ykdysady zyýanyň mukdary 120 milliard wýetnam dongundan (takmynam 4,75 million dollardan) geçýär.

Ýerli häkimiýetler dereksiz ýiten adamlary gözlemek we dikeldiş işlerini alyp barmak üçin halas ediş toparlaryny heläkçilik bolan ýere iberdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.