Hindistanda musson ýagynlarynyň getiren duýdansyz suw joşgunlary we toprak süýgünleri netijesinde azyndan 19 adam pida boldy diýip, AFP habar gullugy habar berýär. Tebigy betbagtçylykdan zyýan çeken sebitlerde halas ediş çäreleri dowam edýär, ýurduň häkimiýetleri bolsa wagtlaýynça induslaryň iki sany giň gerimli zyýaratyny saklamaga mejbur boldular.
Heläkçilikli hadysa zerarly Mýanma serhedine golaý ýerleşýän Nagalend ştatynda sekiz adam wepat boldy, ýene 15 adam dürli şikesler aldy. Hindistanyň dolandyryşyndaky Jamu we Kaşmir sebitlerinde bolsa tebigy betbagtçylygyň pidasy 25 adama ýetdi. Harbylaryň berýän maglumatyna görä, Jamu ştatynda 11 adam, şol sanda bäş sany çaga halas edildi.
Hindistanyň meteorologiýa gullugy 20-nji we 21-nji iýul günlerinde birnäçe sebitlerde aşa güýçli ýagynlaryň ýagmagyna garaşylýandygy barada duýduryş berdi.
Amatly bolmadyk howa şertleri sebäpli häkimiýetler Kaşmirdäki Amarnath gowak ybadathanasyna guralýan har ýylky zyýaraty ugurlar tä doly howpsuz diýlip yglan edilýänçä saklamak kararyna geldiler. Geçen ýyl bu zyýarata 400 müňden gowrak adam gatnaşypdy.
Şeýle hem Jamu ştatyndaky her ýyl millionlarça indus dindarlarynyň gelýän Waýşno Dewi ybadathanasyna guralýan zyýarat hem häzirlikçe togtadyldy.