Game of Thrones: War for Westeros strategiýa oýnunyň çykmagy 2027-nji ýyla süýşürildi

Düýn, 23:34565

PlaySide studiýasy hakyky wagt režimindäki «Game of Thrones: War for Westeros» strategiýa oýnunyň reliziniň yza süýşürilýändigini yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň deregine 2027-nji ýylyň başynda çykar.

Işläp düzüjiler goşmaça wagtyň taslama boýunça işleri tamamlamak we toparyň maksat edinýän hil derejesine ýetmek üçin zerurdygyny aýtdy. Kompaniýada oýunçylara goldawy we sabyrlylygy üçin minnetdarlyk bildirildi.

«Game of Thrones: War for Westeros» oýny «Tagtlaryň oýny» äleminiň sýužetleri boýunça döredilýär we hakyky wagt režiminde klassyky strategiýa žanryna degişlidir.

Taslamanyň beýanyna görä, oýunçylar Ýedi Patyşalygyň üstünden häkimiýet ugrunda ýekelikde ýa-da beýleki gatnaşyjylar bilen bilelikde göreşmeli, Westerosyň beýik öýlerini dolandyrmaly, meşhur gahrymanlary jemlemeli we Demir tagt ugrundaky göreşde dünýä ykbalyna täsir etmeli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.