Electronic Arts kompaniýasy EA Sports FC 27 futbol simulýatorynyň daşyny tanyşdyrdy. «Real Madrid» toparynyň we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe onuň esasy ýüzi boldy.
Surat kompaniýanyň X sosial torundaky sahypasynda şeýle ýazgy bilen ýerleşdirildi:
«Daşky bezege gaýdyp geldi. Ýene-da oýna taýýar».
Täze oýnuň doly derejeli tanyşdyrylyşy 23-nji iýulda agşam bolar.
27 ýaşly futbolçy üçin bu «Pari Sen-Žermen» toparynda çykyş eden döwründäki FIFA 23 oýnundan bäri seriýanyň daşynda ilkinji gezek peýda bolmagydyr. Mundan öň Mbappe FIFA 21 we FIFA 22 oýunlarynyň hem ýüzi bolupdy.
Electronic Arts kompaniýasynyň Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen hyzmatdaşlygy 2022-nji ýylda tamamlanandan soň, FIFA 23 seriýanyň öňki ady bilen çykan iň soňky oýny boldy. Ondan soňky oýunlar EA Sports FC brendi astynda çykýar.
2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Mbappe sekiz duşuşykda 10 gol geçirip we dört assist edip, «Altyn butsy» baýragyny aldy. Ol taryhda iki dünýä çempionatynda — 2022-nji we 2026-njy ýyllarda iň gowy bombardir bolmagy başaran ilkinji futbolçy boldy.