Fransiýanyň parlamenti 15 ýaşy dolmadyk çagalaryň sosial ulgamlary ulanmagyny gadagan edýän kanuny tassyklady. Resminama güýje girenden soň, Fransiýa Ýewropa Bileleşiginde şeýle çäklendirmäni girizen ilkinji döwlet bolar.
21-nji iyulda kanun taslamasyny parlamentiň iki palatasy hem — Senat we Milli Mejlis goldady. Indi resminama Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan gol çekilmeli (aslynda bu çäräniň başyny başlan hem onuň özüdir) we Konstitusion geňeş tarapyndan tassyklanmalydyr.
Gadagançylyk 1-nji sentýabrda güýje girer we 15 ýaşdan geçmedik çagalaryň hem-de ýetginjekleriň açjak täze akkauntlaryna degişli bolar. Bu ýaş toparyndakylaryň eýýäm bar bolan akkauntlary bolsa 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýapylar.
Sosial torlara ulanyjylaryň ýaşyny Fransiýanyň şahsy maglumatlary goramak boýunça gözegçilik edýän edarasy tarapyndan tassyklanan ulgamlar arkaly barlamak borjy hem ýüklenilýär. Şol bir wagtyň özünde, kanunda ýetginjekler we olaryň ata-eneleri üçin anyk jerimeler göz öňünde tutulmandyr.
Fransiýa dünýäde şeýle çäklendirmeleri girizen ikinji ýurt boldy. Edil şeýle gadagançylygy 2025-nji ýylyň ahyrynda Awstraliýa girizipdi. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň häkimiýetleri hem çagalaryň sosial ulgamlaryna girmegini düzgünleşdirýän öz kanun taslamasyny taýýarlaýarlar.