Gazagystanda Döwlet baýdagyny we tugrasyny, şeýle-de Döwlet senasynyň tekstini ulanmagyň düzgünlerine girizilen üýtgeşmeler güýje girdi. Täze kadalar ýurduň hökümetiniň karary bilen tassyklanyldy.
Resminama görä, döwlet nyşanlaryny mahabatda, köpçülikleýin çärelerde, täjirçilik maksatlarynda we işewürlik duşuşyklarynda ulanmak gadagan edilýär. Şonuň ýaly-da baýdagy eşiklerde, aýakgaplarda, düşek daşlarynda, perdelerde, saçaklarda, halyçalarda we beýleki öý-hojalyk harytlary öndürilende ulanmak bolmaz.
Şol bir wagtyň özünde, baýdagyň şekilini türgenleriň sport lybaslarynda we esbaplarynda, şeýle hem şahsy we gulluk awtomobilleriniň salonynda ýerleşdirmäge resmi taýdan rugsat berilýär. Döwlet nyşanlaryny diňlerde, ýazgylarda we web-saýtlarda ýerleşdirmek üçin ýeke-täk tertip – ilki baýdak, soňra tugra we diňe şondan soň senanyň teksti bellenildi.
Resminama baýdagy binalarda we hususy öýlerde ýerleşdirmek boýunça täze talaplary kesgitleýär we olaryň döwlet standartyna doly gabat gelmegini borçlandyrýar. Zeper ýeten ýa-da hapalanan baýdaklary ulanmak, olaryň ýere ýa-da suwa degmegine ýol bermek kes-kelläm gadagandyr.
Düzgünleri bozanlygy üçin administratiw jerimeler göz öňünde tutulyp, olaryň möçberi düzgün bozujynyň derejesine baglydyr. Ýylyň dowamynda gaýtalanan düzgün bozulmalar has berkleşdirilen çäklendirmelere getirýär. Mundan başga-da, döwlet nyşanlaryny kemsitmek üçin kanunçylykda jenaýat jogapkärçiligi – iki ýyla çenli azatlygy çäklendirmek ýa-da azatlykdan mahrum etmek çäresi göz öňünde tutulandyr.
Täze düzgünler bilen baglylykda, internet torunda «Lotte Rahat» fabriginiň «Kazakhstan» şokoladynyň daşky örtügini üýtgetmeli boljakdygy barada hem çekişmeler ýüze çykdy. Hukukçylaryň düşündirişine görä, gadagançylyk öň taýýar bolan önümleri satuwdan aýyrmagy ýa-da ýok etmegi talap etmeýär.
Geljekde öndürijä dizaýny sazlaşdyrmak ýa-da daşky görnüşi täzeden işlemek (meselem, Günüň we bürgüdiň şekiline başgaçarak çemeleşmek) gerek bolup biler. Hünärmenler olary çalyşmak mümkünçiliginiň bardygyny bellemek bilen, döwlet nyşanlarynyň standartlaryndan resmi taýdan çykmak üçin bürgüdiň kellesiniň öwrülişini üýtgetmegi mysal getirýärler.
Sosial ulgamlardaky ulanyjylarynyň bir bölegi dizaýnyň üýtgedilmegini diňe bir tagam baradaky jedeller sebäpli däl, eýsem ahlak sebäpler boýunça hem goldaýarlar. Çünki olaryň ýurduň baýdagyna meňzeş şokolad örtügini zibile taşlamaga ynsaplary çatmaýar.