Bütindünýä banky Merkezi Aziýada suw hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin 20 million dollar goýberer

24.07.2026, 16:015,199

Bütindünýä banky toparynyň Ýerine ýetiriji direktorlar geňeşi Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamany makullady.

«Merkezi Aziýada suw serişdelerini netijeli dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk» (CAWEC) taslamasyna laýyklykda, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti 20 million dollar möçberinde grant alar. Şeýlelikde bu başlangyç sebitdäki 40 million töweregi adamyň durmuşyna öz degerli täsirini ýetirer.

CAWEC taslamasy sebitdäki özara aragatnaşygy pugtalandyrmaga, täze maýa goýum başlangyçlaryny taýýarlamaga we serhetüsti suw serişdelerini bilelikde dolandyrmak hereketini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Bütindünýä bankynyň baha bermegine görä, sebitiň durnukly ösüşi üçin suw hojalyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, degişli edaralaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, Amyderýa we Syrderýa derýalarynyň basseýninde ýerleşýän döwletleriň arasyndaky maglumat çalşygyny güýçlendirmek gerek bolup durýar. Howanyň üýtgemegi bolsa bu maksatlary durmuşa geçirmekde kynçylyk döredýär: soňky 60 ýylyň dowamynda bu ýerdäki buzluklaryň meýdany takmynan 30% azaldy. Şunlukda suw serişdelerini dolandyrmakda ýeterlik hyzmatdaşlygyň bolmazlygy her ýyl 4,5 milliard dollardan gowrak ykdysady ýitgilere getirer diýip çaklanylýar.

Taslama 2031-nji ýyla çenli alty sany çenli serhetüsti infrastruktura taslamasyny taýýarlamagy, Amyderýa we Syrderýa basseýnlerinde suw serişdeleriniň hasabyny ýöretmek ulgamlaryny kämilleşdirmegi geçirmegi maglumat ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem sebitiň suw hojalyk guramalarynyň 100-e golaý hünärmenini okatmak we bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.