Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýa döwlet saparyny amala aşyrar

Düýn, 09:593,904

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşmaga taýýarlanýar. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde belli boldy diýip, TDH habar berýär.

Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň Baştutanlarynyň we Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýonyň gatnaşmagyndaky sammit 16-njy sentýabrda Seulda geçiriler.

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowa öňde duran sapara degişli derejede taýýarlyk görmek tabşyryldy. Saparyň çäklerinde ykdysadyýet, maýa goýumlar, ulag, logistika, himiýa senagaty, infrastruktura, senagat gurluşygy, daşky gurşaw, suw hojalygy we ylym-bilim ugurlary boýunça birnäçe resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzire çenli döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 118-isi baglaşyldy.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde bäş sany döwlet, resmi we iş saparlary geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň 17-si hasaba alyndy. Durmuşa geçirilen iri taslamalaryň arasynda «Galkynyş» gaz käninde kükürt arassalaýan toplum we Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gaz-himiýa toplumy hem bar.

Şeýle-de taraplar «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürýär. 2023-nji ýylda Türkmenistan bu forumda başlyklyk etdi we onuň 16-njy mejlisi Aşgabatda geçirildi.