Ýamal we Holand «Transfermarktyň» taryhynda iň gymmat futbolçylar boldy

Düýn, 09:466,288

«Transfermarkt» portaly 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň netijeleri boýunça futbolçylaryň bazar bahasyny täzeledi. Lamin Ýamal we Erling Holand dünýäniň iň gymmat futbolçylary boldy: olaryň bahasy rekord derejä — 220 million ýewro ýetdi.

Iki futbolçynyň hem bahasy öňki baha bilen deňeşdirilende 20 million ýewro artdy.

Sanawda ikinji orny bahasy 200 million ýewro diýlip hasaplanýan Fransiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe eýeleýär.

Mundialyň netijeleri boýunça Ispaniýanyň ýygyndysynyň goragçysy Pau Kubarsiniň we Argentinanyň ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Enso Fernandesiň bahalary ilkinji gezek 100 million ýewro ýetdi.

Angliýaly Elliott Anderson we Morgan Rojers 110 million ýewro diýlip bahalandyryldy.

Şol bir wagtyň özünde, olaryň tomusky transfer şertnamalary mundan hem uly boldy:

  • Morgan Rojers «Aston Willadan» «Çelsä» rekord derejedäki 117 million funt sterlinge (138 million ýewro töweregi) geçip, taryhda iň gymmat britaniýaly futbolçy boldy.
  • Elliott Anderson «Nottingem Forestden» «Mançester Sitä» 116 million funt sterlinge (135,5 million ýewro töweregi) geçdi.

Dünýä çempionatyndan soň bahanyň iň uly ösüşini 35 million ýewro gymmatlan Elliott Anderson görkezdi. Onuň yzyndan bahalary 30 million ýewro artan Jud Bellingem we marokkoly ýarymgoragçy Aýub Buaddi gelýär.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýuldan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirildi. Taryhda ilkinji gezek ýaryşa 48 sany milli ýygyndy gatnaşdy. Dünýä birinjiliginiň ýeňijisi goşmaça wagtda Argentinany 1:0 hasaby bilen utan Ispaniýanyň ýygyndysy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.