Messini hoşlaşyk duşuşygyny geçirmek üçin Argentinanyň milli ýygyndysyna çagyrdylar

Şu gün, 06:562,996

«Altyn topuň» sekiz gezek eýesi Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň öňümizdäki ýoldaşlyk duşuşyklaryna çagyryldy. Bu barada Argentinanyň Futbol Assosiasiýasy (AFA) habar berdi.

6-njy oktýabrda Buenos-Aýresde Argentina bilen Beniniň arasynda duşuşyk geçiriler. Bu oýunda Messi milli ýygyndynyň düzüminde soňky gezek çykyş eder.

Messi 31-nji awgustda milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlamak kararyna gelendigini aýdypdy.

AFA-nyň prezidenti Klaudio Tapiýa Instagram sahypasynda Benine garşy geçiriljek duşuşykda Messini onuň hormatyna mynasyp hoşlaşyk dabarasyny geçirmek üçin milli ýygynda çagyrandyklaryny habar berdi.

Messiniň Argentina ýygyndysyndaky soňky duşuşygy Buenos-Aýresdäki «Monumental Antonio Wespusio Liberti» stadionynda geçiriler. Argentina mundan başga-da 30-njy sentýabrda Boliwiýa, 3-nji oktýabrda bolsa Burkina-Faso bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

39 ýaşly Messi 2005-nji ýyldan bäri Argentinanyň milli ýygyndysynda çykyş edýär. Ol toparyň düzüminde 207 oýunda meýdança çykyp, 125 gol geçirdi. Messi bilen Argentina 2022-nji ýylda dünýä çempiony boldy, 2014-nji we 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatlarynda bolsa finala çykdy.

Messiniň gazanan baýraklarynyň arasynda 2008-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň altyn medaly, 2021-nji we 2024-nji ýyllaryň Amerika kubogy hem-de 2022-nji ýylyň Finalissima kubogy bar.

Messi «Altyn top» baýragyna rekord sekiz gezek mynasyp görüldi. Ol FIFA tarapyndan üç gezek «Ýylyň iň gowy futbolçysy» diýlip saýlandy. Şeýle hem Ýewropa çempionatlarynda iň köp gol geçiren hüjümçi hökmünde «Altyn butsy» baýragyna alty gezek, dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysyna berilýän «Altyn top» baýragyna bolsa iki gezek mynasyp boldy.