Okuwa taýýarlanmaly wagt geldi: Türkmenistanda mekdep bazarlarynyň möwsümi açylýar

Düýn, 18:243,323

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy 1-nji awgustdan başlanar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow makullady diýip, TDH habar berýär.

Söwda nokatlary, adaty bolşy ýaly, ýurduň ähli welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde guralar.

Häzirki wagtda okuwçylara we talyplara gerekli bolan harytlary satmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Söwda nokatlarynda okuw esbaplary we dürli dokma önümleri hödürlener.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.