Takmynan iki müň ýyl ozal Ýer ýüzünde 75 müňe çenli dil bolupdyr. Bu bolsa, şu günkiden takmynan on esse köp diýmekdir. Halkara barlagçylar topary soňky 12 müň ýylyň dowamynda dilleriň dürlüliginiň üýtgeýşini modelleşdirip, şeýle netijä geldiler. Bu işiň netijeleri Science žurnalynda çap edildi.
Häzirki wagtda dünýäde 7,5 müň çemesi janly dil bar, üstesine olaryň ýylsaýyn dörtden gowragy ýitibem gidýär. Bu ýagdaýyň esasy sebäpleri hökmünde soňky asyrlaryň kolonial ekspansiýasy we dünýä dilleriniň (iňlis, ispan, hytaý, hindi) ýaýramagy görkezilip gelindi. Emma täze barlag dilleriň dürlüliginiň azalmagynyň has irräk — azyndan müň ýyl ozal, ilkinji köp milletli döwletleriň we imperiýalaryň ýaýran döwri bilen bir wagtda başlanandygyny görkezýär.
Awtorlar beýle netijä gelmek üçin gadymyýetde bolup geçen dilleri gaýtadan dikeltmändiklerini, ýa bolmasa, olary arheologik çeşmelerden gözlemändiklerini belleýärler. Muňa derek olar etnografiýa, demografiýa we antropologiýa maglumatlaryny birleşdirip, statistik model döretdiler. Esasy hökmünde bolsa, soňky buzluk döwrüniň gutarmagy bilen takmynan 12 müň ýyl ozal başlanan golosen döwrüniň adam jemgyýetleriniň iň ýakyn ekwiwalenti hökmünde häzirki zaman awçy-ýygnaýjy jemgyýetleri alyndy.
Barlagçylar adamlaryň ekerançylyga we maldarçylyga geçmegi bilen dilleriň sanynyň nähili üýtgändigini modelleşdirdiler. Şoňa görä, azyk önümçiliginiň artmagy ilat sanynyň çalt artmagyna we adam jemgyýetleriniň çylşyrymlaşmagyna getiripdir. Modeliň görkezişi ýaly, ilki bilen bu ýagdaý dilleriň dürlüliginiň artmagy bilen utgaşypdyr: adamlaryň ýaýramagy we jemgyýetleriň bölünmegi netijesinde täze diller döräpdir. Bu hadysa mundan 3000–2000 ýyl ozal iň ýokary nokadyna ýetipdir. Şol wagtlar dünýäde 75 müňe çenli dil bolup, ondan soňra bolsa azalyp başlapdyr.

Modeliň esasy çaklamalarynyň biri her bir etnolingwistiki topara bir esasy diliň laýyk gelýändigidir. Barlagçylaryň etnografiki saýlamasynda toparlaryň 87%-i hakykatdan hem şu düzgüne laýyk geldi. Netijeleriň ygtybarlylygyny barlamak üçin alymlar modeliň parametrlerini (ilat sanynyň bahalandyrylyşyny, toparlaryň möçberleriniň paýlanyşyny, ösüş ssenariýalaryny) birnäçe gezek üýtgetdiler. Ähli ssenariýalarda model şol bir ýagdaýy gaýtalady — golosen döwrüniň köp böleginde ösüş, takmynan üç-iki müň ýyl ozal iň ýokary nokat we ondan soňra azalma.
Bu netijeleri taryhy çeşmeler boýunça dilleri ýönekeý ýazyp çykmak arkaly barlamak mümkin däl. Täze döwre çenli dilleriň köpüsiniň ýazuwy bolmandyr, global kataloglar ýokdy, gadymy awtorlar bolsa diňe özlerine mälim bolan halklary suratlandyryp, köplenç bir etnonim astynda biri-birine düşünmeýän köp sanly dilleri birleşdirýärdiler.
Barlagçylar dilleriň ýitip gitmeginiň diňe bir lingwistika üçin ýitgi däldigini belleýärler. Diller beýleki medeni elementleri däp-dessurlar, garyndaşlyk ulgamlary, dini däpler we jemgyýet görnüşler bilen bilelikde geçýär. Şol sebäpli diliň ýitmegi, adamzadyň medeni mirasynyň ep-esli böleginiň ýitmegini aňladýar.