Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň häkimiýetleri «Hunsýa» (halkara ady — «Noul») diýlip atlandyrylýan güýçli taýfun sebäpli 340 müňden gowrak ýaşaýjyny ygtybarly ýerlere göçürdi. Tebigy betbagtçylygyň gelen zolagynda şemalyň tizligi sekuntda 42–48 metre ýetdi.
Betbagtçylygyň esasy zarbasy 26-njy iýula geçilýän gijä we ertesi irdene düşdi. Hytaýyň Milli meteorologiýa merkezi howa howpy baradaky duýduryşy iň ýokary «gyzyl» derejä çenli galdyrdy. Bu häzirki pasyldaky 12-nji taýfundyr.
Harasatyň merkezi Hueýdun etrabynyň (Hweýjou we Şanweý şäherleriniň golaýynda) günorta-gündogaryndan 100 kilometr uzaklykda ýerleşdi. Onuň merkezine ýakyn ýerlerde şemalyň iň ýokary güýji Bofort şkalasy boýunça 14 bala ýetdi.

Siklonyň merkezi Hueýdun etrabynyň (Hweýjou we Şanweý şäherleriniň golaýynda) günorta-gündogaryndan 100 kilometr uzaklykda ýerleşdi. Onuň merkezine ýakyn ýerlerde şemalyň iň ýokary güýji Bofort şkalasy boýunça 14 bala ýetdi.
Tebigy betbagtçylyk sagatda takmynan 20 km tizlik bilen demirgazyk-günbatara tarap süýşýär. Materigiň çuňlugyna tarap öňe ilerläninden soň, ugur demirgazyk-demirgazyk-günbatara üýtgäp, taýfun ýuwaş-ýuwaşdan öz weýran ediji güýjüni ýitirip başlar diýlip garaşylýar.
Guandun bilen goňşy bolan Fuszýan welaýatynda hem ýene-de 23 müňden gowrak ýaşaýjy howpsuz zolaklara geçirildi.
Ýerli edaralar Guandunyň howpsuz akwatoriýalaryna 5 109 sany gämini gönükdirdi, 418 sany gämi bolsa Haýnan welaýatynyň we Fuszýan kenarlarynyň ýanynda. Halas ediş çärelerine 14 sany ýöriteleşdirilen gämi, 90 sany buksir gämi we 4 sany dikuçar çekildi.
Hytaýyň demir ýol topary ýekşenbe güni boýunça Guandun welaýatynda ähli ýokary tizlikli we adaty otlularyň gatnawyny doly saklady.
Sebitiň esasy awia-merkezlerinde: Gonkongda, Guançžouda, Şençjeninde, Çžuhaýda we Sýamynda gatnawlar köpçülikleýin ýatyrylýar. Diňe Gonkong aeroportunyň özünde 150-den gowrak gatnaw ýatyryldy ýa-da gijikdirildi.
Şeýle hem strategiýa taýdan uly ähmiýeti bolan Gonkong — Çžuhaý — Makao köprüsi doly ýapyldy.
Guandun welaýatynda, olaryň edara ediş merkezi bolan Guançžou şäherini hem goşmak bilen, harasatly tüweleýler, ýyldyrym çakmalary we 50-den 100 mm-e çenli (käbir ýerlerde 250 mm-e çenli) güýçli çabgalar çaklanylýar.
Suw joşmalarynyň emele gelmek howpy sebäpli Hytaýyň Döwlet ştaby Guandunda adatdan daşary çäreleriň ýokary (3-nji) derejesini, Szýansy we Hunan welaýatlarynda bolsa 4-nji derejesini girizdi.
Taýfunyň galdyran täsirleri arkaly emele gelen agyr ýagynlar Taýwan adasyna hem täsir eder we demirgazyga tarap — Şandun, Henan welaýatlaryna hem-de demirgazyk-gündogar tarapa –Lýaonin, Szilin we Heýlunszyan sebitlerine tarap süýşer.