Täze Kia Sportage ilkinji gezek ýol synaglarynda göze ildi

28.07.2026, 15:303,854
1 / 3

Foto içalylar ilkinji gezek täze nesil «Kia Sportage» krossowerini ýol synaglarynda surata düşürdirmegi başardylar. Galyň gizlinlik ýapgysyna garamazdan, suratlar krossoweriň daşky görnüşindäki esasy üýtgeşmelere baha bermäge mümkinçilik berýär. Ulagyň resmi taýdan görkezilmegi deslapky maglumatlara görä, 2028-nji model ýylyna garaşylýar.

Suratlardan çen tutsaň, model «Kia Seltos» we «Telluride» ýaly görnetin ýolsuzlyk äheňine eýe bolan has burçly we beýik kuzowa eýe bolar. Uly göwrümli radiator gözeneginiň we iki derejeli çyra optikasynyň bolmagyna garaşylýar, bu ýerde esasy çyralar gözenegiň gyralarynda, gündizki hereket çyralary bolsa ýokarda ýerleşer.

Awtoulagyň profili hem üýtgär. Krossower giňeldilen teker arkalaryna, takmynan keseligine gidýän aýna çyzygyna we az ýapgytly sütünlere eýe bolar, bu bolsa onuň daşky görnüşini wnedorožnige has ýakyn meňzeder.

Deslapky maglumatlara görä, yzky bölegi hem iki derejeli yşyklandyryş enjamyny alar. Esasy çyralar öňki ýerinde galar, burç görkezijileri bolsa aşak, bampere has ýakyn ýere geçirilip biler.

Salonda hem düýpli üýtgeşmelere garaşylýar. Täze «Sportage» komplektasiýasyna baglylykda diagonaly 12,9, 14,6 ýa-da 17 dýuým bolan «Pleos Connect» multimediýa ulgamyny, doly sanly gurallar panelini, täzelenen interfeýsi we fiziki düwmeleriň täzeden işlenilen bloguny alyp biler.

Täze «Sportage» modeli «Hyundai Tucson-yň» indiki nesli bilen umumy platformany saklap galar we gibrid hem-de birikdirilýän gibrid güýç gurluşlary bilen hödürlenmegini dowam etdirer diýlip çaklanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.