BMW kompaniýasy awtomobillerini "Neue Klasse" elektrokarlarynyň birmeňzeş stilistikasyna getirip, model hataryny özgertmegi dowam etdirýär. Täzelenmeler markanyň nişa (ýöriteleşdirilen) görnüşlerine-de täsir eder.
2021-nji ýylda tanyşdyrylan BMW 4 seriýasynyň "Gran Coupe" modeli birnäçe ýyldan soň önümçilikden aýrylar. Ecomento.de neşiriniň habar bermegine görä, bawariýaly awtoöndüriji eýýäm onuň deregini tutjak modeli işläp düzýär. Däp bolan 4 seriýasyndaky sedanynyň ýerine kompaniýa tanyşdyrylyşy 2028-nji ýyla meýilleşdirilýän BMW i4 elektrik dört gapyly kupesini hödürlär.
Geljekki täze modeliň daşky görnüşi i3 sedanynyň stilistikasynda ýerine ýetiriler. Şol bir wagtyň özünde, kabriolet ýygnalýan ýumşak üçek bilen üpjün ediler. Modeliň elektrik platformasyna geçirilmegi tigir bazasyny giňeltmäge mümkinçilik berip, salony ep-esli giňelder. Şeýle hem, ýygnalýan üçek üçin gerek boljak ýeri göz öňünde tutsaň hem, bagaž bölüminiň göwrümi artar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, 4 seriýasynyň benzinli sedanynyň çykarylyşy 2029-njy ýyla çenli dowam eder we belli bir wagt ony täze i4 kabrioleti bilen bir hatarda ýygnarlar. Häzirki wagtda bu modeliň sport modifikasiýasynyň işlenip düzüljekdigi näbelli. Mundan başga-da, žurnalistler i4-iň iki gapyly görnüşiniň peýda bolmak ähtimallygyny belleýärler.
Tehniki taýdan BMW i4, ähtimal, i3 sedanynyň enjamlaryny miras alar. Täze modeliň 469 at güýjüne eýe bolan iki hereketlendirijili güýç desgasy we 900 km töweregi geçiş aralygyny üpjün edýän akkumulýator batareýasyny alyp bilmegine garaşylýar.
Entek Bawariýa konserniniň özi bu tehniki maglumatlary resmi taýdan tassyklanok.