Türkmenistanyň wekiliýeti Pusan şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşdy.
Forumda dünýäniň 196 ýurdundan 3 100-den gowrak wekil ýygnandy. Çärede Türkmenistana ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa we ýurduň Günorta Koreýadaky ilçisi Begenç Durdyýew wekilçilik etdi.
Mejlisiň netijeleri boýunça ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna 25 sany täze desga girizildi: 19 sany medeni, 5 sany tebigy we 1 sany tebigy-medeni desga — Gresiýadaky Olimp dagynyň sebiti.
Sanawdan aýyrmalar hem boldy — uzak wagtlap dowam eden çekeleşiklerden soň Wenanyň taryhy merkezi howp astyndaky Bütindünýä mirasynyň sanawyndan resmi taýdan çykaryldy.
Mejlisiň jemi boýunça, gatnaşyjylar mirasy klimat üýtgemelerinden we ählumumy howplardan goramak boýunça strategiýa maksatlaryny kesgitlän Pusan jarnamasyny kabul etdi.
Bütindünýä mirasy komitetiniň 49-njy mejlisiniň başlygy wezipesine Türkiýäniň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Mustafa Ýurdakul saýlandy.
Indiki mejlis 2027-nji ýylyň 27-nji iýuny bilen 7-nji iýuly aralygynda Stambulda geçiriler.