Meşhur modelýer Jorjo Armaniniň durmuşy hakynda täze terjimehal serialy durata düşüriler. Bu barada «Variety» neşiri ýazýar.
Häzirlikçe ady tassyklanylmadyk taslama «Lux Vide» italýan önümçilik kompaniýasy tarapyndan «Armani» moda öýi bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda döredilýär. Režissýorlyk wezipesini Ferzan Özpetek ýerine ýetirer, ssenariýany hem onuň özi Françesco Arlanç bilen birlikde ýazar.
Wakalar hakykata ýakyn bolmagy üçin «Armani» brendi kinoçylara dizaýner hakdaky arhiw materiallardan, onuň şahsy zatlaryndan we ýadygärlik ýerlerinden doly peýdalanmaga ygtyýar berer.
Režissýor Ferzan Özpetek Armani bilen köp ýyllaryň dowamynda gatnaşyk saklapdy. «Variety» üçin beren interwýusynda ol şeýle ýatlamalary paýlaşdy:
«Men Jorjony tanaýardym, oňa haýran galýardym, köp ýyllaryň dowamynda hem resmi çärelerde, hem has ýakyn ýagdaýda onun bilen bilelikde wagt geçirýärdim. <…> Onda öňdengörüji, tüýs döredijilik adamsyny gördüm. Ýöne şol bir wagtyň özünde ýerden aýagyny üzmeýän, örän tutanýerli adamdy».

Bellemeli zat, bu serial dizaýner barada taýýarlanýan ýeke-täk taslama däl – ýaňy-ýakynda režissýor Bille Augustuň ýolbaşçylygynda doly göwrümli baýopigiň (terjimehal filminiň) hem işlenip düzülýändigi mälim bolupdy.
Italýan modelýeri 2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda 91 ýaşynda aradan çykdy.