Dunaý derýasynda suwuň derejesi ýokary tizlik bilen rekord derejelere çenli peselýär we 1985-nji ýylda hasaba alnan iň pes görkezijä golaýlaşýar.
Wengriýanyň Baýa sebitinde Sugowisa derýasyny (Dunaýyň goşandy) ýöräp diýen ýaly geçip bolýar, derýa akymynyň günorta böleklerinde bolsa gämi gatnawyny ep-esli çäklendirmeli boldy.
Budapeştde suwuň peselmegi sebäpli Margit köprüsiniň düýbi doly açyldy, ol ýerde çäge ýalpaklygy emele geldi. Ýerli ýaşaýjylar gury ýer zolagynyň öň hem peýda bolandygyny, ýöne indi ýagdaýyň has uly alada döredýändigini belledi.

Akymyň aşaky böleginde bolsa ýagdaý has-da dartgynlaşýar. Wengriýanyň Mohaç sebitinde derýadan II jahan urşy döwründe suwa giden gämi göründi. Şeýle nemes harby gämileriniň galyndylary Serbiýada, Prahowonyň golaýynda hem göründi. Mundan başga-da, Wengriýada sowatmak üçin ulanylýan derýa suwunyň ýetmezlik edýäni sebäpli «Pakş» atom elektrik stansiýasynyň mejbury saklanmagy zerarly çylşyrymly ýagdaý emele geldi.

Ýerli suw hojalygy edarasynyň suw joşgunlaryndan goramak we derýalary dolandyrmak bölüminiň başlygy Çaba Abani bu prosesiň durnuklylygynyň esasy alada döredýändigini belledi:
«Eger soňky 125 ýylyň içinde suwuň derejesiniň bir metrden näçe gezek peselendigine seretsek — munuň özi eýýäm örän pes görkeziji hasaplanýar — onuň 21 gezek bolandygyny göreris. Şol wakalaryň 14-üsi soňky 25 ýyla düşýär. Bu bolsa alymlaryň köpden bäri duýduryp gelýän zatlaryny tassyklaýar: Dunaý suwuň peselýän döwürlerini başdan geçirer, bu ýagdaý indi hasam ýygy-ýygydan gaýtalanar, uzak dowam eder we has pes derejelere ýeter».
Suwuň azalmagynyň esasy sebäbi — ýylama sebäpli Alp buzluklarynyň yza çekilmegidir. Munuň netijesinde erän suw akymy indi ygal ýetmezçiliginiň üstüni dolduryp bilenok.

Derýadaky suwuň peselmegi üýtgeşik arheologik açyşlara hem getirdi. Bolgariýanyň Rýahowo obasynyň ýanyndaky Dunaý ýakasynda suw çekilenden soň taryhdan öňki haýwanlaryň galyndylary görnüp başlady. Ruse şäherindäki Sebit taryhy muzeýiniň gözlegçileri süňkleriň ýüňli mamonta (Mammuthus primigenius) degişlidigini anyklady.

Alymlar eýýäm aşaky äňi, gyýagy, pilçäni we birnäçe gapyrgany çykaryp aldylar. Muzeýiň kuratory Krasimir Kirowyň sözlerine görä, bu haýwanyň boýy bäş metre dagy ýetýän eken, agramy bolsa 7–8 tonnadan gowrak bolupdyr.

Galyndylar örän ätiýaçlyk bilen çykarylýar, sebäbi olar howa bilen galtaşandan soň çalt dargamak bilen bolýalar. Olary konserwasiýa edilenden soň Ruse şäheriniň muzeýinde ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.