2026-njy ýylyň tomsy ABŞ-da 132 ýyllyk howa gözegçilikleriniň taryhynda iň yssysy boldy diýip, Umman we atmosfera barlaglary milli edarasynyň (NOAA) hasabatyna salgylanyp, CBS News habar berdi.
Iýun aýyndan awgust aýyna çenli ýurtda ortaça temperatura 23,6°C boldy. Bu 1936-njy we 2021-nji ýyllarda hasaba alnan öňki rekorddan 0,2°C ýokarydyr.
2026-njy ýylyň awgust aýy hem aýratyn temperatura rekordyny goýdy. Aýyň ortaça temperaturasy 24,2°C, gündizine ortaça aňrybaş temperatura bolsa 31,4°C boldy. Bu iki görkeziji hem gözegçilikleriň taryhyndaky iň ýokary derejedir.
ABŞ-nyň kontinental böleginiň köpüsinde temperatura kadadan ýokary ýa-da ep-esli ýokary boldy. Esasanam, ýurduň günbatar we günorta-günbatar sebitlerinde rekord derejedäki yssy howa hasaba alyndy.
Şol bir wagtyň özünde, tomus diňe bir yssy bolman, eýsem, deňeşdirilende gurak hem boldy. Iýun-awgust aýlarynda kontinental ABŞ-da ortaça 8,11 dýuým, ýagny, takmynan, 206 mm ygal düşdi. Bu XX asyryň ortaça derejesinden 0,21 dýuým ýa-da, takmynan, 5,3 mm pesdir.
Bu döwürde gurakçylyk hem ep-esli güýçlendi. Sentýabr aýynyň başyna çenli guraklyk kontinental ABŞ-nyň 59,1 göterimini gurşap aldy. Bu görkeziji bary-ýogy bir aýyň içinde 10,5 göterim töweregi ýokarlandy.