Ýer ýüzüne barha ýygy-ýygydan (her hepde diýen ýaly) kosmos zibiliniň uly bölekleri gaçýar

04.08.2026, 15:274,916
1 / 2

Ýer ýüzüne kosmos zibiliniň bölekleri barha ýygy-ýygydan gaçýar. Agramy bir tonnadan geçýän uly bölekler hepdede iň bolmanda bir gezek atmosfera girýär. Şol bir wagtyň özünde, olaryň gaçan ýagdaýynda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak mehanizmleri asla ýok diýen ýaly.

«The New York Times» neşiriniň maglumatyna görä, geçen ýyl ABŞ-nyň Kosmos güýçleri Ýeriň atmosferasyna girýän 820-ä golaý kosmos enjamy barada duýduryş çykardy. Deňeşdirip aýtsak, on ýyl öň şeýle duýduryşlar bary-ýogy 110 obýekt barada berlipdi.

Bölekleriň köpüsi atmosferada ýanyp gidýär ýa-da Ýuwaş ummana gaçýar, ýöne olaryň käbiri gury ýere hem düşýär. Zibil galyndylarynyň köpüsi - işini tamamlan raketalar we ulanmakdan çykarylan hemralar bolup çykýar. Olaryň orbitadaky sany eýýäm 16 müňden geçýär.

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa müdirligi üçin taýýarlanan ylmy gözlege görä, 2035-nji ýyla çenli SpaceX hemralarynyň bölekleri, takmynan, iki ýylda bir gezek adamlaryň şikes almagyna ýa-da heläk bolmagyna getirip biler. Meselem, 2024-nji ýylda Kanadadaky fermalaryň birinde SpaceX-iň  enjamynyň bölegi tapylandan soň, kompaniýa özüniň käbir hemralaryň massasynyň 5%-e golaýynyň atmosfera girende ýanman galyp biljekdigini boýun aldy.

Hünärmenler atmosfera gaýdyp gelende doly dargaýan materiallary ulanmaga çagyrýar. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň kanunçylygynda kosmos zibili we onuň ýeitrip biljek zyýanyň öwezini dolmak meselelerini toplumlaýyn düzgünleşdirmek boýunça häzirlikçe hiç hili hereket ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.