Hytaýyň Geologiýa ylymlary akademiýasynyň alymlary, takmynan, 550 million ýyl ozal bolan gadymy superyklym — Gondwananyň kartasyny täzeden dikeltdiler. Täze hasaplamalara görä, ol Ýer ýüzündäki ähli gury ýeriň, takmynan, 80 göterimini tutupdyr.
Gözlegçiler magmadan ybarat dag jynslarynyň 25 müňden gowrak nusgasyny öwrendi. Olar emeli aňyň kömegi bilen Aziýada, Ýewropada we Demirgazyk Amerikada Ýeriň gabygynyň öň näbelli bolan, häzirki wagtda bolsa ýeriň aşagynda gömlüp ýatan böleklerini ýüze çykardy.

Öňler Gondwananyň ähli gury ýeriň, takmynan, 64 göterimini eýeländigi çaklanylýardy. Täze maglumatlar bolsa onuň çäginiň ep-esli uly bolandygyny görkezdi.
Alymlaryň pikiriçe, Gondwananyň şeýle ägirt uly möçberi, takmynan, 541 million ýyl ozal Ýer şarynda biodürlüligiň duýdansyz artmagyna we çylşyrymly ýaşaýyş görnüşleriniň ýüze çykmagyna, ýagny Kembriý partlamasynyň başlamagyna güýçli itergi beren bolmagy mümkin.
Şeýle-de superyklymyň möçberi Dünýä ummanynyň derejesindäki, atmosferanyň düzümindäki we Ýeriň mantiýasynyň geologik hadysalaryndaky ählumumy üýtgeşmeler bilen bagly bolup biler.