Şäher gurşawynyň uka näderede täsir edýändigi ýüze çykaryldy

09.08.2026, 09:175,496
1 / 2

Ýaponiýanyň Osaka Metropoliten uniwersitetiniň alymlary gür baglyga bürenen, görer gözden sowa köçeleriň ýaşaýjylarynyň beýleki mähelleli ýerleriň ilatyna görä has köp ukusyny alýandyklaryny anykladylar.

Barlagyň netijesi ukynyň hiline şaher durmuşyndaky howpsuzlyk duýgusynyň hem dahyllydygyny görkezýär.

Barlag Tokionyň köp gatly jaýlarynyň üçünji gatyndan ýokarda ýaşamaýan, 40–59 ýaş aralygyndaky 1089 sany işgär ýaşaýjylaryň arasynda geçirildi. Şäher gurşawyna baha bermek üçin gözlegçiler Google Street View gullugyndan 200 müňden gowrak suraty derňäp, emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Soňra bu maglumatlar gatnaşyjylary uky synagyndan geçirmek arkaly deňeşdirildi.

Netijede binalardyr agaçlardan özboluşly däliz emele gelen köçelerde ukusyzlykdan az ejir çekilýändigi belli boldy. Mundan başga-da, şeýle sebitler köpçülik tarapyndan rahat we beýleki ýerlere garanyňda, ýaşaýşyň has janly ýeri hökmünde kabul edilýär.

«Biziň netijelerimiz şahsy howpsuzlyk duýgusy bilen ukynyň dowamlylygynyň arasyndaky uly we peýdaly baglanyşygy tassyklaýar» diýip, işiň awtorlary ýazýarlar.

Soňky maglumatlardan çen tutsaň, gür ýaşyl zolaklar howpsuzlyk duýgusy we dowamly uky, şol bir wagtda, ýörite pyýada geçelgesi köp bolan etrapçalar bolsa hüşgärlik hem-de bimaza uky bilen bagly ekeni.

Awtorlar alnan netijeleriň şäher gurşawynyň saglyga täsirine düşünmek bilen birlikde, şol giňişlikleri taslamalaşdyrmakda-da ulanyp bilner diýip ynam bildirýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.