5-nji awgust güni agşam Gruziýada ýurduň uly bölegi elektrik energiýasyndan mahrum boldy.
Bu iýul aýynyň ahyryndan bäri eýýäm üçünji iri elektrik bökdençligidir diýip, Paper Kartuli Telegram-ýaýlymy habar berýär.

Irden elektrik üpjünçiligini 85% töweregi dikeltmek başartdy, galan sebitleri bolsa ýakyn wagtda elektrik ulgamyna birikdirjekdiklerine söz berdiler.
Bu ýagdaý zerarly ilatly ýerleriň ep-esli bölegi toksuz galyp, Tbilisidäki metro wagtlaýyn işini saklady. Biraz wagt geçensoň, paýtagtyň käbir etraplarynda elektrik üpjünçiligi dikeldilip başlandy.

Gruziýanyň Elektrik energetikasy boýunça milli komissiýasynyň agzasy Giorgi Pangani köpçülikleýin tok öçürilmesiniň Inguri GES-inde geçirilen synag wagtynda ýüze çykandygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, barlagyň maksady 24-25-nji iýuldaky bökdençlige getiren gowşak ýerleri ýüze çykarmakdy.
Öňki maglumatlara laýyklykda gorag ulgamlarynyň synagy izolirlenen tertipde geçmelidi, emma ýagdaý gözegçilikden çykyp, energoulamda ýene bir bökdençligiň döremegine getirdi.
Häzirki wagtda näsazlygyň sebäpleri derňelýär.
GWP kompaniýasynda elektrik üpjünçiligi dikeldilenden soň Tbilisi we Rustawi şäherlerine ýaňadandan suw berlip başlanandygy barada habar berildi.