Neptunyň hemralaryna we halkalaryna syn etmek bilen, «Jeýms Webb» kosmos teleskopy milliardlarça ýyl öň bolup geçen kosmos heläkçiliginiň yzlaryny tapdy. Bu barada «Reuters» agentligi ýazýar.
Alymlaryň pikiriçe, bu planeta Pluton ýaly uly obýekt bilen çaknyşan bolmagy ähtimal, bu hem onuň häzirki hemralarynyň we halkalarynyň bir böleginiň emele gelmegine getiren bolmaly.
Kaliforniýa tehnologiýa institutynyň ylmy gözlegçileri Neptunyň üç sany içki hemrasyny — Proteýi, Larissany we Galateýany, şeýle-de planetanyň tozanly halkalaryny öwrendi. Olarda palçykly minerallaryň yzlary tapyldy.

«Şeýle minerallar diňe suwuk suwuň dag minerallary bilen galtaşmagynda emele gelýär», — diýip, planetolog we barlagyň esasy awtory Raýli Dewis düşündirýär.
Alymlaryň aýtmagyna görä, Neptunyň kiçi hemralary beýle minerallaryň emele gelmegi üçin zerur şertleri özbaşdak döredip bilmeýär. Diýmek, palçyk buzuň eremegi üçin ýeterlik massasy we içki ýylylygy bolan uly kosmos jisiminiň içinde dörän bolmaly.
Neptun ulgamyndaky üýtgeşmelere getirip biljek sebäpleriniň biri hökmünde planetanyň iň uly hemrasy Triton görkezilýär. Çaklamalara görä, ol Koýper guşaklygynda emele gelipdir, soňra Neptun dartyş güýji bilen ony özüne çekip, öz orbitasynda «ýerleşdiripdir».
Neptun ulgamyna girenden soň, Triton öz dartyş güýjüniň täsiri bilen planetanyň ilkinji hemralaryny weýran edipdir. Emele gelen uly böleklerden bolsa soňlugy bilen häzirki kiçi hemralar we halkalar dörän bolsa gerek.
Barlagyň awtorlary başga bir çaklamany hem gözden salanoklar. Oňa laýyklykda, Koýper guşaklygyndan gelen uly obýekt Neptunyň dartyş güýjüniň täsiri astynda weýran bolup bilendir.
Astronomlaryň pikiriçe, Neptunyň we onuň hemralarynyň taryhy Gün ulgamynyň ewolýusiýasyna tötänleýin wakalaryň nädereje täsir edip bilýändigini görkezýär.