Warner Bros. «Matrisanyň» bäşinji bölümini çykarjakdygyny tassyklady

08.08.2026, 19:332,210

Warner Bros. Discovery 2027-nji ýylda «Matrisa» franşizasynyň bäşinji bölümini çykarmagy göz öňünde tutýandygyny resmi taýdan tassyklady.

Maglumat kompaniýanyň maýadarlar üçin çärýeklik hasabatynda ýerleşdirildi. Ol ýerde häzirki wagtda üstünde işlenilýän beýleki filmler hem sanalyp geçilýär.

Täze «Matrisany» düşürmek meýilnamalary barada studiýa 2024-nji ýylda yglan edipdi. Seriýanyň soňky filmi — 2021-nji ýylda çykan «Matrisa: Direliş» tomaşaçylaryň we tankytçylaryň dürli hili seslenmegine getirdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, bäşinji bölümiň ssenarisini «Tokaýdaky külbe» (The Cabin in the Woods) we «"El Roýal" otelinde gowy zat ýok» (Bad Times at the El Royale) filmleri bilen tanalýan Drýu Goddard taýýarlaýar.

Şol hasabatda Warner Bros. Discovery-nyň 2027-nji ýylda Margo Robbi we Bredli Kuper bilen «Ouşeniň dostlarynyň» prikwelini, «Supermeniň» dowamyny, «Minecraft kinoda» remeýkiniň sikwelini we «Ýüzükleriň hökümdary: Gollum awy» filmini çykarmagy meýilleşdirýändigi aýdylýar.

2027-nji ýyldan soň kompaniýa «Tagtlaryň oýny» älemi boýunça «Eýgonyň tabynlygynda» kinosyny, şeýle hem režissýor Mett Riwziň «Betmeniniň» dowamyny çykarmak isleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.