Awstriýanyň Lins şäheriniň töwereginde legionellýoz keseliniň ýaýrandygy bellige alyndy. Kesel degen 26 adamyň üçüsi aradan çykdy diýip, ýurduň ýerli häkimiýet edaralaryna we Saglygy goraýyş hem-de azyk howpsuzlygy agentligine (AGES) salgylanýan Der Standard gazeti habar berýär.
Kesel ýokaşanlaryň adatdakydan köp sany 20-nji iýuldan bäri hasaba alynýar. Olaryň 24-si Ýokarky Awstriýada ýaşaýar. Näsaglaryň ählisi hassahana ýerleşdirildi, käbirlerine bolsa reanimasiýa bölümlerinde lukmançylyk kömegi berildi. Ýene iki adam ýurduň daşynda ýaşaýar, ýöne olar hem syrkawlamazlaryndan öň Linsde bolan ekenler.
Häkimiýet edaralary ýokanjyň ýaýran ýerlerinden 150-den gowrak nusga aldylar, olaryň 80-den gowragy barlagdan geçirildi.
Legionella bakteriýalary Linz AG kärhanasynyň Winerştrasse köçesindäki sowadyş ulgamynda tapyldy. Enjamlar doly arassalanyp, zyýansyzlandyryldy. Muňa garamazdan, hünärmenler ýokanjyň hut şol ýerden ýaýrap başlandygy barada gutarnykly bir netijä gelmediler. Olar ýokanjyň gözbaşynyň başga ýerlerde hem bolup biljekdigi baradaky çaklamany aradan aýranoklar.
Legionellýoz (legionerler keseli) keselini Legionella bakteriýasy döredýär. Ýokanç bakteriýalar dürli aerozollaryň, meselem, duş, kondisionerler ýa-da howa çyglandyryjylary işleýän wagty dem alnanda ýokuşýar. Kesel adamdan adama geçmeýär. Bu dert agyr öýken çişmesi (pnewmoniýa) görnüşinde ýüze çykyp bilýär.