Gazagystanda VIII–IX asyrlara degişli seýrek söweş aýpaltasy bilen sowut tapyldy

Düýn, 14:012,974
1 / 3

Arheologlar Gazagystanyň gündogarynda VIII–IX asyrlaryň söweşijisine degişlidigi çaklanylýan demir söweş aýpaltasyny we zynjyrly sowudyň böleklerini tapdylar. Alymlar bu tapyndylaryň üstüni «Uly Altaý: türki mirasy. Semiýarka-2026» halkara ekspedisiýasynyň dowamynda açdylar.

Gazuw-agtaryş işleri 25-nji iýul bilen 5-nji awgust aralygynda Irtyş derýasynyň ýakasynda ýerleşýän Semiýarsko-Kriwinskiý arheologik sebitinde geçirildi. Ekspedisiýany Altaý döwlet uniwersitetiniň «Uly Altaý» altaistik we türkologiýa ylym-bilim merkezi hem-de Toraýgyrow uniwersiteti bilelikde guradylar.

Balpyk depesinde gözlegçiler irki orta asyrlara degişli birnäçe gonamçylygy öwrendiler. Olaryň birinde sowutly söweşijiniň ýerlenenligi çaklanylýar. Arheologlar söweş tuwulgasyndan bölekleri, gorag ýaraglarynyň we zynjyrly sowudyň döwüklerini, gylyç gynynyň we kemeriniň böleklerini, demir pyçaklary we at esbaplarynyň uly toplumyny tapdylar.

Tapyndylaryň içinde demir söweş aýpaltasy aýratyn ünsi çekdi. Gözlegçileriň berýän maglumatyna görä, şeýle zatlara känbir gabat gelnip durlanok. Bu jelegaýlarda munuň ýaly tapyndylaryň aňry gitse bäş sanysy tapylandyr.

Zynjyrly sowudyň bölekleri hem uly gyzyklanma döredýär. Ony ýasamakda demir we bürünç halkalar ulanylypdyr, bu bolsa hünärmenleriň pikiriçe, gorag ýaraglaryny öndürmekde çylşyrymly tehnologiýanyň ulanylandygyny görkezýär.

Başga bir guburda bolsa iki sany atyň süňkleri we gymmatly at esbaplary tapyldy. Arheologlar şeýle jaýlama däbiniň hem örän seýrek duş gelýändigini belleýärler.

Semiýarka-IV gonamçylygynda gözlegçiler Andronow medeniýetine degişli, bu ýer üçin del bolan iki sany jaýlama gurluşyny tapdylar, olarda Fýodorow medeniýetine degişli gönüburçly daş germewler ulanylypdyr. Alymlaryň pikiriçe, bu ýagdaý Irtyşyň boýunda dürli ilat toparlarynyň özara aragatnaşykda bolandygyna delil bolup biler.

Tapyndylaryň hemmesi Gazagystanda galar. Arassalanyp, konserwirlenip, abatlama işleri geçirilenden soň, bu tapyndylary sebitiň gadymy we orta asyr medeniýetleriniň hronologiýasyny takyklaşdyrmak üçin ulanmak meýilleşdirilýär.

Arheologlar bu ýerdäki gözleg işlerini 2027-nji ýylda dowam etdirmekçi bolýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.