ABŞ-da sportzala gidendäki ýaly täsir galdyrýan derman serişdesi döredildi

Şu gün, 07:302,684

ABŞ-da bedene işjeň türgenleşik ýaly täsir edýän ENV-308 atly täze derman serişdesi synagdan geçirilip başlandy. Ol gerdejik görnüşinde öndüriler.

Enveda kompaniýasynyň hünärmenleri esas hökmünde Lac-Phe molekulasyndan peýdalandylar. Adatça, bu madda işjeň hereket wagtynda bedende özbaşdak emele gelip, beýnä iýmäge bolan islegi peseltmek barada habar berýär.

Haýwanlarda geçirilen synaglarda gerdejikler diňe bir açlyk duýgusyny peseltmän, eýsem, myşsalary saklap galmak bilen birlikde, horlanmaga hem ýardam edipdir.

Alymlar häzirlikçe dermanyň adamlarda howpsuzdygyny barlamak üçin synaglaryň diňe birinji tapgyryny geçirdiler  (ähli zat üstünlikli geçdi). Geljekki synaglarda gerdejikleriň massa we metabolizme edýän täsirini hem-de ony «Ozempik» ýaly meşhur serişdeler bilen bilelikde ulanmak mümkinçiligini öwrenmek meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.