Welsli futbol emini Ken Raýt 78 ýaşynda iň uzak dowam eden eminlik karýerasy üçin Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi şahadatnamasyny aldy. Bu barada UEFA-nyň X sosial torundaky sahypasynda habar berilýär.
Raýt 1964-nji ýyldan bäri oýunlarda eminlik edýär — ol Welsiň höwesjeň ýaryşlaryndan başlap, weteran ýaryşlaryna çenli dürli derejelerde eýýäm 63 möwsümi geçirdi. Bu döwrüň dowamynda ol 5 müňden gowrak duşuşyga eminlik etdi.

Emin özüniň ilkinji oýnuny henizem edil düýn bolan ýaly ýatlaýar we şonda eminlik edişiniň öz göwnünden turmandygyny boýun alýar.
Birwagtlar Raýta professional futbolçy bolup bilmejekdigini aýdypdyrlar, şondan soň ol özüni eminlikde synap görmek kararyna gelýär. Ýöne şol wagt Raýt özüniň bu kesbi bütin ömrüniň işine öwrüler diýip küýüne-de getirmändir.

Karýerasynyň dowamynda Raýt «Suonsi Siti» toparynyň «PSŽ» we «Mançester Ýunaýted» klublaryna garşy ýoldaşlyk duşuşyklaryna eminlik etdi. Şeýle hem «Haýberi» («Arsenal» toparynyň öňki stadiony), «Waýt Hart Leýn» («Tottenhemiň» öňki stadiony) we «Stemford Brij» («Çelsiniň» stadiony) meýdançalarynda iňlis klublarynyň gatnaşmagyndaky oýunlarda işledi.
Häzirki wagtda welsli emin Suonsi graflygynda weteranlar ligasynyň duşuşyklaryna eminlik etmegini dowam edýär.